Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli, umumy orta bilim almak mümkinçiligi bolmadyk we uýgunlaşdyrylan umumybilim maksatnamalary boýunça okan çagalara bilim hakynda degişli nusgadaky şahadatnamany bermegiň Tertibini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda çykaran 401 belgili Buýrugy kabul edildi.
Türkmenistanyň Adalat Ministrligniň web saýtynda neşir edilen buýruk bilen kabul edilen Tertibe görä, Şu Tertip saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli, umumy orta bilim almak mümkinçiligi bolmadyk we uýgunlaşdyrylan umumybilim maksatnamalary boýunça okan okuwçylara (mundan beýläk – saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlar üçin ýörite bilim edarasy) bilim hakynda degişli nusgadaky şahadatnamany bermegiň tertibini düzgünleşdirýär.
Tertibe görä, Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlar üçin ýörite bilim edaralarynyň okuwçylary näsaglygy sebäpli, Lukmançylyk maslahat beriş toparynyň gelen netijesi esasynda jemleýji döwlet we sepgit synaglaryndan boşadylyp bilner.
Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlar üçin ýörite bilim edaralarynyň aýratynlygyna görä pedagogik geňeşiň karary esasynda uýgunlaşdyrylan başlangyç bilim okuw maksatnamasyny özleşdirenlere başlangyç bilim hakynda, uýgunlaşdyrylan umumy orta bilim okuw maksatnamalaryny özleşdirenlere bolsa, umumy orta bilim hakynda şahadatnama berilýär.
Başlangyç we umumy orta bilim hakynda şahadatnamalaryň döwlet nusgalarynyň görnüşleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli, bilimiň anyk derejesini tamamlap bilmediklere ýörite bilim edarasynda okandygy hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda 1735 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “Bilimiň anyk derejesini tamamlamadyk, jemleýji döwlet synagyna gatnaşmadyk ýa-da jemleýji döwlet synagynda kanagatlanarsyz netijeleri görkezenlere bilim edarasynda okandygy hakynda berilýän kepilnamalaryň nusgalaryny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2023-nji ýylyň 11-nji awgustynda çykaran 317 belgili buýrugy bilen tassyklanan nusgadaky kepilnama berilýär.
Welaýat, Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriniň jogapkär işgäri saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlar üçin ýörite bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bellenen tertipde resmileşdirilen talapnamasy we ynanç haty esasynda şahadatnamalaryň blanklaryny berýär.
Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlar üçin ýörite bilim edaralarynda başlangyç we umumy orta bilim hakynda şahadatnamalaryň berlenligi bellige alyş kitapda ýöredilýär. Şahadatnamalaryň berlenligi bellige alyş kitabynyň sahypalary belgilenip, sapak bilen tikilip, başlanan we gutaran wagty görkezilýär hem-de welaýat, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň tugraly möhüri bilen tassyklanylýar.
Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlara berilýän Şahadatnamalar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna taýýarlanylýar we okuwçylara tölegsiz esasda berilýär.
Doldurylyp okuwçylar tarapyndan wagtynda almadyk şahadatnamalar saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlar üçin ýörite bilim edarasynda 50 (elli) ýyl saklanylýar.
Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlar üçin ýörite bilim edarasyny tamamlan okuwçylara şahadatnama bilen birlikde häsiýetnama hem berilýär.
Şahadatnamalaryň blanklary ýitirilen ýagdaýynda, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli okaýanlar üçin ýörite bilim edaralarynyň ýolbaşçylary şäher bilim bölümine, ýok ýerinde welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerine hem-de ýerli içeri işler edaralaryna ýitirilen blanklaryň belgilerini görkezmek bilen ýazmaça ýüz tutýarlar.
