Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary senegally hüjümçi Sadio Mane bilen şertnama baglaşdy. Germaniýanyň “Bawariýa” toparynda çykyş edýän Sadio Maneniň saud toparynyň düzümine goşulandygy tassyklandy.
Ozal habar berlişi ýaly, nemes topary senegally futbolçy üçin 28-30 million ýewro töleg aldy. Mane täze toparynda ýylda 40 million ýewrodan gowrak girdeji gazanar.
Bu toparda Kristiano Ronaldo, Mrselo Brozowiç, Aleks Telles we Seko Fofana ýaly meşhur futbolçylar hem bar.
Sadio Mane Germaniýanyň “Bawariýa” toparynda bir möwsümde oýnady. Ol bu topary Angliýanyň “Liwerpul” toparyndan geçipdi.
