SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“S7”: şu gün biletler Türkmenabat howa menzilinde satylar

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda nobatdaky ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu gatnawyň 25-nji fewralda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda mälim edilýär.

“Telegram” jemgyýetçilik torunda täze ýerleşdirilen habarda, bu göz öňünde tutulan gatnawyň biletleriniň satuwy hem-de hasaba alşy barada maglumat berlipdir. Şol maglumatnamada, 24-nji fewralda Türkmenabat-Moskwa boýunça ýörite uçar gatnawy üçin awiapetekler sagat 19:00-dan 20:00 arasynda satylar.

Şeýle hem 25-nji fewralda göz öňünde tutulan gatnawyň hasaba alyş 05:00-dan 09:00 aralygynda geçiriler.

Bu ýörite gatnaw koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeleriň çäklerinde ýerine ýetiriljek 37-njy gatnaw bolar.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem habar berşimiz ýaly, soňky gezek Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnaw 18-nji fewralda amala aşyrylypdy we ol 36-njy gatnaw boldy.

 

 

UEFA Çempionlar ligasy: duşuşyklar deňme-deň tamamlandy

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy