BILIM

Russiýanyň uniwersitetleri Aşgabatdaky sergä gatnaşýar

Şu günler Russiýanyň uniwersitetleri Aşgabatda geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisine gatnaşýarlar.

Aşgabatdaky Rus öýüniň habar bermegine görä, 12-nji oktýabra çenli dowam edýän halkara sergä Russiýanyň dürli sebitlerinden 20 sany uniwersitet gatnaşýar. Sergä gatnaşyjylar bu uniwersitetleriň bilim maksatnamalary, Russiýada bilim almak mümkinçiligi barada maglumat alyp bilerler.

Milli barlag ýadro uniwersitetiniň wekili Waleriýa Butko TASS habarlar gullugynyň habarçysyna beren beýanatynda Türkmenistandaky sergä ilkinji gezek gatnaşýandyklaryny belläp, Türkmenistandan ýaşlary öz ýokary bilim edarasyna magistratura we aspirantura okamaga çagyrdy. Ol öz ýokary okuw mekdebiniň lukmançylyk fizika ugry boýunça hünärmenler taýýarlaýandygyny aýdyp, munuň onkologiýa kesellerini bejermek üçin giň mümkinçilik döredýändigini belledi.

Russiýanyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekili Ýelena Slezkina bolsa, wekilçilik edýän rus uniwersitetinde 900-e golaý türkmen talyplarynyň bilim alýandygyny belledi. Ol IT-tehnologiýa, emeli aň, nanotehnologiýa, himiýa, biotehnologiýa ýaly ugurlarda hünärmenler taýýarlaýandyklaryny aýtdy.

Şeýle hem bu sergä Belarusyň uniwersitetleri hem gatnaşýar. Olaryň arasynda Ýan Kupala adyndaky Grodnen döwlet uniwersiteti, Belarusyň Informatika we radioelektronika döwlet uniwersiteti we beýlekiler bar. Grodnen döwlet uniwersitetinde 2000-nji ýyldan bäri türkmen talyplary bilim alyp gelýär.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabatda geçirilýän halkara sergä dünýäniň ençe ýurdundan – Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan ylym-bilim, sport we lukmançylyk ugruna degişli kompaniýalar hem-de bilim edaralary gatnaşýar.
Mundan başga-da, golaýda habar berşimiz ýaly, Russiýanyň Hökümeti tarapyndan 2025-2026-njy okwu ýylyndan Türkmenistanyň ýaşlary üçin Russiýa bilim almak üçin býujet tarapyndan hödürlenen orunlaryň sany 250-den 500-e ýetirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Hytaý bilim ulgamynda talyp hakly ýerler boýunça hyzmatdaşlyk eder

Türkmen ýaşlary Indoneziýadaky Halkara ylym sergisine ylmy işleri bilen gatnaşýarlar

Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny dörediler

Türkmen ýaşlarynyň Pakistanda talyp haky bilen bilim almak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy magistr bilim maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Koreýanyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi