JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasynda döwlet sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň 24-25-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Ýakyn goňşy ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ýola goýuldy.

Hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýady resminamalaryň 180-si bilen berkidildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Özara haryt dolanyşygynyň möçberleri artdyrylýar. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylmaga uly ähmiýet berilýär.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy