JEMGYÝET

Messi-Ronaldo duşuşygynda Ronaldo çykyş etmeýär

Ertir, ýagny 1-nji fewralda futbol taryhynyň iň güýçli futbolçylary Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldonyň arasynda duşuşyk geçer. Kristiano Ronaldonyň bu duşuşykda şikesligi sebäpli oýnap bilmejäkdigi bellenilip geçilýär.

Saud Arabystanyda geçirilýän Riýad kubogynda Lionel Messiniň “Inter Maýami” bilen Kristiano Ronaldonyň “Al-Nasr” toparynyň arasynda duşuşyk geçiriler.

Iki ýyldyzyň arasynda 36 duşuşyk geçiriler. Olaryň 16-synda Messi, 11-inde bolsa, Ronaldo ýeňiş gazandy. 9 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

Bu duşuşyklarda Messi 22, Ronaldo 21 gezek tapawutlandy.

Riýad kubogynda “Al-Hilal” bilen “Inter Maýami” toparlarynyň duşuşygynda saud topary 4:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de durnukly ulag boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi