Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Krasnogorsk şäherindäki «Krokus siti holl» konsert zalynda köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýaragly hüjüm we partlama bolup geçdi. Bu pajygaly hadysa zerarly Türkmenistan Hökümeti tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna çuňňur gynanç bildirildi.
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem öz gezeginde 2024-nji ýylyň 22-nji martynda bolup geçen terrorçylykly hereket sebäpli ilçihanada hatyra kitabyny döretdi.
Ilçihananyň habar bermegine görä, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda (1941-nji köçe) 24-nji we 25-nji martda sagat 10:00-13:00 we 15:00-17:00 aralygynda hatyra kitabyna bolup geçen wakalar sebäpli duýgudaşlyk bildirmek isleýänler üçin ilçihananyň gapylary açyk bolar.
