JEMGYÝETSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýadan Türkmenistana elektron biletleri türkmen manadynda satyn alyp bolar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana amala aşyrýan halkara gatnawlarynyň biletleriniň onlaýn söwdasyny amala aşyrýar. Moskwa-Türkmenbaşy we Kazan-Türkmenabat ugurlary boýunça gatnawlaryň biletlerini türkmen manadynda satyn almak bolar.

Biletleri www.turkmenistanairlines.tm saýtyndan satyn alyp, ony “Altyn asyr” bank kartyndan gölemek bolar. Bu barada “orient.tm” neşirinde habar berilýär.

Mundan ozal, biletleri diňe “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýanyň çäklerinde hereket edýän agentliklerinden rus rubldan satyn alyp bolýardy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň fewralyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa-Türkmenbaşy we Kazan-Türkmenabat ugurlary boýunça gatnawlaryň biletlerini 30 göterim arzanlatdy. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda biletler arzanladyşsyz satylar.

Uçuş rejesi şeýle:

Moskwa-Türkmenbaşy

  • T5704 — çarşenbe günleri uçuş 00:15, gonuş 05:35
  • T5710 — anna günleri uçuş 10:35, gonuş 15:55

Kazan-Türkmenabat

  • T5736 — duşenbe günleri uçuş 00:35, gonuş 06:05
  • T5738 — perşenbe günleri uçuş 11:00, gonuş 16:30

“Türkiye Bursları 2023” talyp haky maksatnamasy baÅŸlaýar

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar