BILIM

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak okuw-usuly kitaplaryny iberdi. Bu barada RF-iň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary Ýuliýa Zaýsewanyň sözlerine salgylanyp, TASS ýazýar.

Çeşmäniň bellemegine görä, rus tarapy türkmen tarapy bilen ylalaşyp, türkmen ýokary okuw mekdeplerine ylmy-usulyýet edebiýatlaryny iberdi. Şunuň bilen baglylykda, 1 müňden gowrak kitap türkmen tarapyna sowgat edildi.

Zaýsewanyň belleýşi ýaly, sowgat edilen kitaplaryň aglaba bölegi rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmek bilen bagly kitaplardan, meşhur ylmy edebiýatlardan we çeper eserlerden, şeýle-de dürli hünärlere ýöriteleşdirilen sözlüklerden ybaratdyr.

Ol kitaplaryň eýýäm Türkmenistana getirilendigini, olaryň noýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Milli bilim insitutyna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutyna hem-de S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk insitutyna gowşuryljakdygyny belledi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary