DÜNÝÄSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa Türkmenistana maýmyn mama keseli üçin test serişdelerini berdi

Russiýa Federasiýasy dünýäde köp sanly ýurtda ýüze çykan maýmyn mama keselini anyklamak üçin Türkmenistana test serişdelerini berdi. Bu barada “RIA Nowosti” habarlar gullugy Russiýanyň “Rospotrebnadzor” gullugyna salgylanyp habar berýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy Gazagystan, Ermenistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlara test serişdelerini iberdi.

Maýmyn mama keselini anyklamak üçin test serişdeleri Russiýanyň “Wektor” ylmy-önümçilik birleşigi tarapyndan öndürildi.

“Rospotrebnadzor” gullugynyň hünärmenleri hyzmatdaş ýurtlar boýunça kärdeşlerine maýmyn mama keselini laboratoriýa çäginde anyklamak üçin dürli seminarlar guraýar.

Şeýle hem berlen maglumata görä, Russiýa şeýle test serişdelerini Müsür, Uganda, Efiopiýa we Koongo Respublikasy ýaly ýurtlara hem ibermegi göz öňünde tutýar.

BSGG-niň maglumatyna görä, dünýäniň 75 döwletinde 16 müňden gowrak maýmyn mama keseli hasaba alyndy. Bu keseliň ýaýramagynyň howpy dörändigi üçin oňa garşy köpçülikleýin göreşmek göz öňünde tutulýar.

 

Maýmyn mama keseli: ilkinji wakalar we adatdan daşary ýagdaý

Ýene-de okaň

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler