BILIM

Rumyniýa: Türkmenistanly talyplar üçin stipendiýa

Türkmenistanly talyplar Rumyniýanyň hökümetiniň berýän stipendiýasy bilen bu ýurtda bilim alyp bilerler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web saýtynda habar berilýär.

Saýtda habar berilişine görä,  Rumyniýanyň hökümeti her ýyl Ýewropa Bileleşigine degişli bolmadyk ýurtlaryň raýatlaryny döwletiň abraýly ýokary okuw mekdeplerine talyp hakly okuwlara okamaga çagyrýar. Orta mekdebi gowy görkezijiler bilen tamamlan mekdep uçurymlary bu maksatnama gatnaşyp biler.

Bakalawr we magistr maksatnamasy

Bakalawr we magistratura maksatnamasy üçin bilim almak isleýänleriň okuwlary rumyn dilinde geçirilýär. Rumyn dilini, medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmak üçin alnyp barylýan bu maksatnama Türkmenistanlylar hem gatnaşyp bilýär. Ýeri gelende bellesek, türkmen talyplarynyň ençemesi hökümet tarapyndan Rumyniýa döwletine bakalawr, magistratura we doktorantura maksatnamasy boýunça okuwa ugradylýar.

Maksatnamanyň çäklerinde doktorantura okuwa kabul edilenler iňlis dilinde okuwlar alnyp barylar.

Goşmaça maglumatlar we resminamalary onlaýn görnüşde tabşyrmak isleýän bolsaňyz şu ýere basyň.

Arzalar 2023-nji ýylyň 1-nji martyna çenli okuwa kabul edilýär.

 

Rumyniýanyň şeýle dünýäniň beýleki ýurtlarynyň diplomy ykrar edilýän abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny aşakdaky habarymyzdan tapyp bilersiňiz.

 

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Rumyniýada, Türkiýede we beýleki ýurtlarda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

Ýaşlar üçin möhüm habar: diplomy ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawy-2023

Ýene-de okaň

Wengriýa her ýyl Özbegistanyň raýatlary üçin 200-e çenli talyp hakyny bölüp berer

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy kitap sergisini gurnaýar

Türkmen okuwçylary halkara himiýa olimpiadasynda 3 medal gazandy

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 500 talyp kabul ediler

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýylynda 16 müň 782 talyp okuwa kabul ediler

Türkmenistanda Hytaýyň Lu Ban ussahanasynyň işi ýola goýlar