SPORT

Ruben Amorim “Mançester Ýunaýted” toparynyň täze tälimçisi boldy

Niderlandly tälimçisi Erik ten Hagy wezipesinden boşadan Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň täze tälimçisi belli boldy.  Iňlis kluby Portugaliýanyň “Sporting” toparynyň tälimçisi Ruben Amorim bilen ylalaşdy. 39 ýaşyndaky tälimçi üçin “Ýunaýted” topary “Sportinge” 10 million ýewro öwez tölegini tölär.

Täze tälimçi bilen 2027-nji ýylyň iýunyna çenli şertnama baglaşyldy. Şeýle hem ýene-de bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bar.

Ruben Amorim duşenbe güni täze wezipesine girişer. Şoňa çenli Rud wan Nistelroý toparyň wagtlaýyn tälimçisi wezipesini alyp barar. Şertnama görä, täze tälimçi ýyllyk 8 million ýewro gazanar.

“Belenenses”, “Benfika”, “Braga”, “Al Wakrah” ýaly klublarda çykyş eden Amorim tälimçilige 2018-nji ýylda “Kasa Pia” toparynda başlap, 2019-njy ýylda “Braga B” toparyna, soňlugy bilenem “Braga” toparynyň tälimçisi bolýar.

Ol 2019/20 möwsüminde “Braga” toparyna Portugaliýanyň Liga Kubogyny gazandyrýar. 2020-nji ýylyň martynda-da “Sporting” toparynyň tälimçisi bolan Amorim üçin lissabonlylar “Braga” toparyna 10 million ýewro berýär. 2020/21 we 2023/24 möwsümlerinde toparynyň Portugaliýanyň çempionlygyny, şol sanda-da 2020/21 we 2021/22 möwsümlerinde-de Portugaliýanyň Liga Kubogyny eýelemegine goşant goşdy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler