JEMGYÝET

Rowaçlyk Gündogaryň türkmen edebiýatyndaky milli pelsepe

“Rowaçlyk” – Gündogaryň türkmen nusgawy şygryýetinde özboluşly bir milli çeperçilik serişdesi hökmünde ulanylan “bazar” pelsepesiniň şahyrana dilde obrazly aňladylyşydyr. Munuň, hut şeýledigini bolsa, Seýit Nesiminiň “Bulunmaz” (1) atly şygrynyň:

Jähl işi rowaç üşte, kesad eýledi fazly,

Ylm ähline bir rownagy bazar bulunmaz – diýen,

Magtymguly Pyragynyň “Gul bolgul” (2) atly şygrynyň:

Her bazarda  rowaç bolmak isleseň,

Ýagşylaryň kisesinde pul bolgul – diýen,

“Gülgüzar oýnaşar” (3) atly goşgusynyň:

…Yşk söwdasy rowaç tapan bazarda

                             Satan bilen, ol hyrydar oýnaşar – diýen setirleriniň esasynda anyk aýdyň görmeklik bolýar. Çünki, bu şygyr setirlerinde “rowaç” sözüniň “geçginli haryt” manysyny aňladyp, “bazar” pelsepesiniň esasy düzüm bölegi bolup gelýändigini Aşyrpur Meredow bilen Sapar Ahallynyň 1988-nji ýylda bilelikde neşir eden “Türkmen nusgawy edebiýatynyň sözlügi” (4) atly, Soltanşa Atanyýazowyň 2004-nji ýylda çap edilen “Türkmen diliniň sözköki sözlügi” (5) atly kitaplaryna ser salanyňda-da  has içgin göz ýetirmeklik bolýar. Diýmek, müňlerçe ýyllaryň dowamynda many-mazmun taýdan özgerip, türkmen diliniň häzirki zaman sözlüklerinde (6/7/8) şowlylyk, üstünlik, oňaýlylyk, oňunalyk diýen manylary berýän “rowaç” sözüniň aslynda sözköki – etimologiýasy ýagny, gelip çykyşy boýunça añladýan manysy “geçginli haryt”, “ýörgünli bazar” diýen düşünjeleri bermeklik bilen, ol türkmen nusgawy şygryýetinde özboluşly bir milli çeperçilik serişdesi bolan “bazar” pelsepesiniň gerimini has-da giňeldipdir. Munuň özi bolsa, Soltanşa Atanyýazowyň belleýşi ýaly (9), ençeme asyr ýa-da müňlerçe ýyl mundan öň dörän sözüň diňe bir daşky görnüşi däl, eýsem içki mazmunynyň hem, aňladýan närseleriniň hem üýtgeýändiginden habar berýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, “rowaç” sözüniň içki many-mazmunynyň düýp esas özenine örän takyk düşünmeklik üçin, nusgawy türkmen şygryýetinde özboluşly bir milli çeperçilik serişdesi hökmünde ulanylan “bazar” pelsepesi barada has giňişleýin söhbet etmegimiz gerek. Ýeri gelende aýtsak, “rowaç” sözüniň asyrlaryň jümmüşindäki manysynyň häzirki manysynyň aňladýan düşünjelerine leksiki taýdan ilteşiginiň bardygyny hem aýtsak, hakykatdan daş düşmeris. Çünki,  gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň biziň ýurdumyzyň çäginden geçýän ugurlarynda ýerleşen Amul, Merw, Nusaý, Horezm, Dehistan ýaly şol döwrüň baý bazarly şäherlerinde binagärçilik sungatynyň gaýtalanmajak gözelligine eýe bolan birnäçe arhitektura ýadygärliklerimiziň bolmagy hem, geçmişde türkmen halkynyň halkara söwda gatnaşyklaryna aýratyn üns berip, rowajyny – geçginli harydyny, ýagny ene-mamalarymyzyň dokan nepis halylaryny, zergärlerimiziň ýasan täsin şaý-seplerini we başga-da birnäçe milli önümlerimizi dünýä bazaryna çykaryp, uly ösüşe eýe bolandyklaryny görkezýär. Bu bolsa şol döwürlerde biziň halkymyzyň halkara söwda hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagynyň diňe bir söwda ulgamyny däl-de, eýsem hut şu pudakdaky – söwda ulgamyndaky diýseň biçak ösüşleriň, gazanylan ägirt uly üstünleriň, ýetilen belent sepgitleriň, rowaçlyklaryň netijesinde beýleki ulgamlaryň hem – halk hojalygy, oba hojalygy, ylym-bilim, medeniýet, senetçilik, binägärçilik, gurluşyk ýaly  başga-da birnäçe pudaklaryň hem ähli babatda hemme taraplaýyn ösüşlere, öz zamanasynda henize-bu güne çenli görlüp eşidilmedik özgerişlere, beýik galkynyşlara, rowaçlyklara eýe sezewar bolandygyny aýan edýär. Hut şu nukdaýnazaryň, ýagny söwda ulgamyndaky ösüşleriň esasynda beýleki pudaklaryňam ösmegi, söwda pudagynda döräp bu pudakda geçginli haryt manysynda türkmen diliniň häzirki zaman sözlüklerinde aňladýan düşünjesini beren rowaç sözüniň  öz manysyny düýpli özgerdip, şowlulyk, üstünlik, oňaýlylyk, oňunalyk ýaly manylarda beýleki pudaklara-da giňden ornaşmagyna sebäp bolupdyr. Şeýlelikde, ähli pudaklardaky ösüşler, özgerişler, şowlulyklar, üstünlikler rowaçlyk diýlip atlandyrylypdyr. Diýmek, Beýik Ýüpek ýolunyň işjeňligine aýratyn üns berlen mukaddes türkmen topragymyz geçmişde hem rowaçlyklaryň watany bolupdyr. Gadymy söwda ýolunyň rowaçlanan eýýamlarynda ýaşap geçen Ýunus Emre, Seýit Nesimi, Hoja Ahmet Ýasawy ýaly türkmen akyldarlary hem ähli rowaçlyklaryň düýp esas özeninde bazaryň, bazar gatnaşyklarynyň durandygyna anyk-aýdyň düşünip, ony pelsepe-taglymy hökmünde özleriniň dürli temadaky şahyrana döredijiliklerinde dürli-dürli many öwüşginlerini bermekde çeperçilik serişdesi hökmünde ulanypdyrlar. Hut şu nukdaýnazardan-da, Gündogar edebiýatynyň şahyrana eserlerine ser salanyňda, ol eseriň türkmen edebiýatynyň beýik söz ussatlary bolan Ýunus Emräniň, Seýit Nesiminiň, Hoja Ahmet Ýasawynyň galamyna degişlidigini şol şygryň mazmunyndaky “bazar” pelsepesi bilen tapawutlandyryp bolýar. Diýmek, bu beýik şahyr şahsyýetlerimiziň türkmen şygryýetinde milli däp we edebi täzeçillik hökmünde esaslandyran göçme manyly “bazar” pelsepesini soňabaka Nurmuhammet Andalyp bilen Magtymguly Pyragy hem özboluşly bir çeperçilik serişdesi hökmünde dowam etdirmeklik bilen, tutuş Gündogar edebiýatynyň ösüşine özleriniň önjeýli goşantlaryny goşupdyrlar. Munuň, şeýledigini bolsa, Ýunus Emräniň “Diwan” atly kitabynda ýerleşdirdirilen 126-njy gazalynyň (10):

Sermaýamyz bir jan idi, ony dagy aldy bu yşk

Ne sermaýa bar, ne dükan, bazara neýe baraýyn  – diýen,

Seýit Nesiminiň “Şol dilberiň didaryna” atly şygrynyň

(11):

Yşk bazaryna giren jan ile janan olur,

Saňa yssy eýlemez, sen girmegil bazaryna – diýen,

Hoja Ahmet Ýasawynyň “Hikmetler” kitabyndaky 35-nji hikmetiniň (12):

…Muhabbetiñ bazarynda özüñ satgyl,

Özüñ satmaý Hak rehmetin alsa bolmas – diýen,

79-njy hikmetiniň (13):

Yşk bazary ulug bazar, söwda haram – diýen setirleriniň esasynda has-da anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar. Ýöne, Seýit Nesimi “bazar” pelsepesini Ýunus Emre hem Hoja Ahmet Ýasawy ýaly diňe sopuçylyk mazmunly goşgularynda ulanman, eýsem olardan tapawutlanyp, durmuşy öwüt-ündew häsiýetli “Girmezem bazaryna” (14) atly şygrynyň:

Dil bazarçysy ýalandyr, girmezem bazaryna,

Dogry olmaz egri dil, ynanmazam ykraryna – diýen, peýzaŽ temasyndaky “Bahar oldy” (15) goşgusynyň:

Benefşe, gül tomaşasy ganymat bil ki bäş gündür,

Satar magşuga gül husnun harydar bol bu bazara – diýen setirlerinde örän ussatlyk bilen peýdalanypdyr. Görnüşi ýaly, mysal getirilen şygyr setirleri ýokarda ady agzalan şahyrlaryň “bazar” pelsepe garaýyşlarynyň özleriniň çeper döredijiliginde liriki mazmun dörediji serişde bolup hyzmat edýändigini anyk-aýdyň ýüze çykarýar. Diýmek, bazar we onuň bilen baglanyşykly ýagdaýlar Gündogar edebiýatynyň türkmen wekilleri bolan Ýunus Emre, Seýit Nesimi, Hoja Ahmet Ýasawy ýaly beýik söz ussatlarynyň goşgularynda obraz derejesine çenli ösdürilipdir. Ýeri gelende aýtsaň, Nurmuhammet Andalyp bilen Magtymguly Pyragy hem öz gezeklerinde özünden öň ýaşap geçen beýik söz ussatlarynyň şahyrana çeper pikirlenmelerinde örän giň orun alan “bazar” pelsepesini Gündogaryň türkmen edebiýatyndaky özboluşly bir täzeçillik we däp hökmünde kabul edip, öz döredijiliklerinde peýdalanypdyrlar. Bu pelsepäni Andalybyň Magtymgulydan öň ulanandygyny, onuň “Olmuşam” (16) atly şygrynyň:

…Bu jydalyk derdinden diwana kerdar olmuşam,

Hasraty-enduh ile ryswaýy-bazar olmuşam – diýen,

“Dilber” (17) atly goşgysynyň:

Bazary-yşka giren bir kemterin guluň men,

Men zaryny başyňdan kylgyl sadaga, dilber – diýen setirleriniň mysalynda-da has içgin göz ýetirmeklik bolýar. Ýöne, Andalyp bu pelsepäni çeper aňlatma hökmünde ulanmakda, edil Magtymgulynyňky ýaly ussatlyk derejesine ýetmändir. Çünki, Magtymguly Ýunus Emräniň, Seýit Nesiminiň, Hoja Ahmet Ýasawynyň edebi mirasyna, döredijilik uslyplaryna diýseň çäksiz hormat goýup, örän içgin öwrenipdir. Romanguly Mustakowyň “Magtymguly we Gündogar edebiýaty” atly kitabynyň “Magtymguly we Ýunus Emre”, “Magtymguly we Hoja Ahmet Ýasawy” diýen aýratyn bölümlerinde bu beýik şahsyýetleriň, “Magtymgulynyň söýgi lirikasy we sufizm” diýen bölüminde bolsa Nesiminiň edebi mirasynyň Magtymgula eden täsiri barada giňişleýin durup geçmegi hem munuň aýdyň delilidir. Bu bolsa, Magtymguly Pyragynyň özüniň ussatlary saýýan halypalaryndan diňe bir ylmy dünýägaraýyş babatda däl-de, eýsem “bazar” pelsepesini çeperçilik serişdesi hökmünde örän ezberlik bilen ulanmak babatda hem inçeden içgin täsirlenendigini görkezýär. Ýagny, Ýunus Emräniň “Diwan” atly kitabyndaky 90-njy gazalynyň: (18)

Meniň munda kararym ýok, men munda gitmäge geldim,

Bezirgenem, matagym çoh, alana satmaga geldim – diýen setirinden täsirlenmäni Magtymgulynyň “Dogrusy” (19) atly goşgysynyň:

Men bir bezirgen menem, yşkyň matasyn sataram,

Şähriňizge gelmişem, bes söwdagärem, dogrusy – diýen,

Ýunus Emräniň “Diwan” atly kitabyndaky 13-nji şygrynyň(20):

Bu dünýäniň meseli bir uly şara meňzär,

Weli biziň ömrümiz, bir tiz bazara meňzär – diýen setirinden täsirlenmäni Magtymgulynyň

“Owazym” (21) atly şygryndaky:

Bu dünýä bir bazardyr… – diýen,

Ýunus Emräniň “Diwan” atly kitabyndaky 88-nji şygrynyň (22):

Bu dünýä bir bazardyr, suratlar olmuş dükan,

Bu dükana giriban, oldur satan bu käni – diýen setirinden täsirlenmäni Magtymgulynyň “Kimse gidip baradyr” (23) atly goşgusyndaky:

Pelek bir bakgaldyr, dünýä bir bazar… – diýen,

Seýit Nesiminiň “Bir” (24) atly şygrynyň:

Munça bir seýr eýledim gezdim wujadym şährini,

Şähr bir, dükan birdir, söýleýen güftar bir – diýen setirinden täsirlenmäni MagtymgulynyňAşyk bolmuşam” (25) atly goşgusynyň:

…Ýetmiş iki şäher ile, müň bir dükana ugradym,

Şunça sergezdan sepil-u-zaýa aşyk bolmuşam – diýen setirlerinde anyk-aýdyň görmeklik bolýar. Ýeri gelende aýtsak, Ýunus Emre bilen Hoja Ahmet Ýasawydan tapawutlanyp, “bazar” pelsepesini özüniň zenana bolan päk söýgüsini wasp edýän şygyrlarynda göçme manyda çeperçilik serişdesi hökmünde ýerlikli peýdalanan Seýit Nesimi özüniň döredijilik uslybynyň bu babatdaky aýratynlygy bilen hem Magtymgula diýseň uly täsir edipdir. Muny Seýit Nesiminiñ “Söýgüli ýarym meniñ” (26) atly şygrynda:

Näzigim, hubum, latyfym, mähribanym Täzegül,

Munusym, janym, refigym, şol wepadarym meniñ.

 

Serwerim, şahym, eminim, şol humaýun kölgelim,

Hem ýene senden düzülmiş uşbu bazarym meniñ – diýip, Magtymguly Pyragynyñ bolsa “Zybana Meñli” (27) goşgusynda:

Arzym bar dergähiñde, eýleseñ maña nazar,

Men bir dükan guraýyn, sen-sen ol yşky bazar,

Yşk bazarynda azaşyp boldum nara sezewar,…

Sen-sen yşkyñ ataşy, men saña perwana Meñli! – diýip,

“Gülgüzar oýnaşar” (28) şygrynda:

…Yşk söwdasy rowaç tapan bazarda

                                                      Satan bilen, ol hyrydar oýnaşar.

…Magtymguly Meňli ýara sataşyp,

Bäş gün biziň bilen gül ýar oýnaşar – diýip,

“Armanym galdy” (29) atly şygrynda bolsa:

Bilbilem, çekmişem zary,

Sowuldy yşkyñ bazary,

Uruldy hijran hanjary,

Aglap Meñli hanym galdy.

Harytsyz dükanym galdy – diýip,  özleriniñ göwün beren gözeliniň adyny getirip, çeper suratlandyran eserlerinde-de anyk-aýdyñ görmeklik bolýar. Bu goşgy setirlerine syn etseň, edebi döredijilikde Nesimiden täsirlenen Magtymgulynyň, ondan az-kem tapawutlanyp, onuň “Bulunmaz” atly şygrynda peýdalanan “rowaç” jümlesini özüniň durmuşy öwüt-ündew häsiýetli goşgularyndan daşgary-da, zenan waspyny beýan etmeklikde-de “bazar” pelsepesiniň täzeçe bir çeper aňlatmasy hökmünde ulanandygyna has içgin göz ýetirmeklik bolýar.Ýeri gelende aýtsaň, ýokarky şygyr setirlerinde obraz derejesine çenli ýokary göterilen söwda, bazar, satmak, haryt, dükan ýaly ykdysady düşünjeler “bazar” pelsepesiniň esasynda ýatýan şahyrana (liriki) aňlatma bolup durýar. İne, şu şahyrana aňlatmalar deýin, Seýit Nesiminiň “ Bulunmaz” atly şygryndaky, Magtymguly Pyragynyň “Gülgüzar oýnaşar”, “Gul bolgul” atly goşgylaryndaky “rowaç” sözi hem “bazar” pelsepesiniň mazmunyny has-da baýlaşdyryp, obraz derejesine çenli ýokary göteren çeperçilik serişdesidir. Diýmek, “rowaç” sözi  nusgawy türkmen edebiýatyna ser salsaň, “bazar” pelsepesiniň özboluşly bir çeper aňlatmasy eken.

Toýly Jänädow     

Peýdalanylan edebiýatlar:    

1. Seret: Nesimi. Saýlanan eserler. poeziýa. – A.: Türkmenistan, 1993. 199-njy sahypa.

2. Seret: Magtymguly. Eserler ýygyndysy. II jiltlik. I jilt. Çapa taýýarlan A. Aşyrow. Aşgabat “Ylym” neşirýaty. 2013. 435-nji sahypa.

3. Seret: Magtymguly. Eserler ýygyndysy. I jilt. – A.: TYA-nyň MGI, 2012. 152-nji sahypa

4. Seret: Meredow A., Ahally S. Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi. A.: Türkmenistan, 1988.  313-nji sahypa.

5. Seret: Atanyýazow S. Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi, .: “Miras” merkezi. 2004. 290-njy sahypa.

6. Seret: Türkmen diliniň sözlügi. M. Hamzaýew. TYA-nyň Dil bilimi instituty. TYA-nyň neşirýaty. Aşgabat – 1962. 1061 sah. (elektron kitap)

7. Seret: Türkmen diliniň sözlügi. II tom. TYA-nyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat instituty. Aşgabat – 2010. 224 sah.

8. Seret: Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. İki tomluk. II tom. K – Z. – A.: TDNG. 2016. 242-nji sahypa

9. Seret: Atanyýazow S. Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi, .: “Miras” merkezi. 2004. 290-njy sahypa. 10-njy sah.

10. Seret: Emre Ý. Diwan, A.: Türkmenenistanyň milli medeniýet “Miras” merkezi.  2004. 137-nji sahypa

11. Seret: Nesimi. Saýlanan eserler. II tom, poeziýa. – A.: Türkmenistan, 1993. 56-njy sahypa.

12. Seret: Ýasawy H. A, Hikmetler. Türkmenistanyň milli medeniýet “Miras” merkezi, A.: 2004. 71-nji sahypa.

13. Seret: Ýasawy H. A, Hikmetler. Türkmenistanyň milli medeniýet “Miras” merkezi, A.: 2004. 144-nji sahypa.

14. Seret: Nesimi. Goşgular. A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010. 138-nji sahypa.

15. Seret: Nesimi. Saýlanan eserler. II tom, poeziýa. – A.: Türkmenistan, 1993. 18-nji sahypa.

16. Seret: Nurmuhammet Andalyp. Goşgular. Çapa taýýarlan A. Aşyrow. TDNG. Aşgabat –  2010. 15-nji sahypa. 

17. Seret: Nurmuhammet Andalyp. Goşgular. Çapa taýýarlan A. Aşyrow. TDNG. Aşgabat –  2010. 20-nji sahypa

18. Seret: Emre Ý. Diwan, A.: Türkmenenistanyň milli medeniýet “Miras” merkezi.  2004. 82-nji sahypa

19. Seret: Magtymguly. Eserler ýygyndysy. II jiltlik.  I jilt. Çapa taýýarlan A. Aşyrow. Aşgabat“Ylym” neşirýaty. 2013.

20. Seret: Emre Ý. Diwan, A.: Türkmenenistanyň milli medeniýet “Miras” merkezi.  2004. 193-nji sahypa.

21. Seret: Magtymguly. Eserler ýygyndysy. I jilt. – A.: TYA-nyň MGI, 2012. 277-nji sahypa

22. Seret: Emre Ý. Diwan, A.: Türkmenenistanyň milli medeniýet “Miras” merkezi.  2004. 247-nji sahypa.

23. Seret: Magtymguly. Şygyrlar. Üç tomluk. I tom. TYA-nyň Magtymguly adyndaky edebiýat Instituty. Aşgabat “Türkmenistan” 1994. sah – 83.  

24. Seret: Seýit Nesimi. Goşgular. Çapa taýýarlan Ş. Gandymow. TDNG. Aşgabat – 2010. 97-nji sahypa

25. Seret: Magtymguly. Eserler ýygyndysy. II jiltlik.  I jilt. Çapa taýýarlan A. Aşyrow. Aşgabat“Ylym” neşirýaty. 2013.

26. Seret: Nesimi. Saýlanan eserler. II tom, poeziýa. – A.: Türkmenistan, 1993. 135 – 136-njy sahypalar.

27. Seret: Magtymguly. Eserler ýygyndysy. I jilt. – A.: TYA-nyň MGI, 2012. 175-nji sahypa

28. Seret: Magtymguly. Eserler ýygyndysy. I jilt. – A.: TYA-nyň MGI, 2012. 152-nji sahypa

29. Seret: Magtymguly. Eserler ýyyndysy. I jilt. – A.: TYA-nyň MGI, 2012. 162-nji sahypa

(makalanyň 1-nji bölegi nusgawy şygryýetde “bazar” pelsepesiniň göçme manyda ulanylyşy barada)

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri