SPORT

Ronaldonyň tälimçisi “Beşiktaş” toparyna tälim berer

Kristiano Ronaldo Portugaliýanyň milli ýygyndysy wagty tälim beren Fernando Santos mundan beýläk Türkiýäniň “Beşiktaş” toparynyň tälimçisi boldy. Bu barada türk toparynyň resmi saýtynda habar berildi.

“Benfika” toparynda futbol oýnandan soňra tälimçilik işine başlan Fernando Santos Portugaliýanyň iň güýçli 3 topary “Porto”, “Benfika” we “Sporting” toparlaryna tälim berdi.

Şeýle hem Gresiýanyň “AEK”, “PAOK” hem-de “Panatinaikos” toparlarynyň tälimçiligini eden Santos bu ýurtda 4 gezek ýylyň tälimçisi diýen derejä mynasyp boldy.

Fernando Santos Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen 2016-njy ýylda Ýewropanyň çempiony boldy hem-de 2019-njy ýylda Milletler kubogynyň çempiony boldy.

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň iň uly üstünliklerine uly goşant goşan Santos soňky gezek Polşanyň milli ýygyndysyna tälim beripdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler