SPORT

Ronaldo – Ýakyn Gündogaryň “iň gowy futbolçysy”

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň portugal futbolçysy Kristiano Ronaldo “Globe Soccer Awards” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda birbada iki baýraga mynasyp boldy.

Portugal ýyldyz Ýakyn Gündogaryň “Iň gowy futbolçysy” adyna eýe boldy. Ol bu ugurda Karim Benzema we Riýad Mahrez, Sale Al-Dosari we Mohamed El-Şenawi ýaly futbolçylardan öňe saýlandy.

Şeýle hem Ronaldo  ýylyň iň köp gol geçiren futbolçysy hökmünde ady rowaýata öwrülen futbolçysy Diego Maradonanyň adyna göterýän baýraga mynasyp boldy.

Ol 2023-nji ýylda 59 duşuşykda 54 gol geçirdi. Ol bu gollaryny hem saud toparynyň hem-de Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzümine geçirdi.

Mundan başga-da, bu dabarada “Globe Soccer Awards” boýunça iň gowy ýaş futbolçy hökmünde “Real Madrid” toparynyň iňlis futbolçysy Jud Bellingem saýlandy.

“Globe Soccer Awards” boýunça Ederson iň gowy derwezeçi, Pep Gwardiola iň gowy tälimçi baýragyny aldy.

Şeýle hem “Globe Soccer Awards” boýunça iň gowy futbolçy hökmünde Erling Holand saýlandy.

“Globe Soccer Awards” – 2010-njy ýyldan bäri her ýyl futbol boýunça Dubaýda gowşurylýan baýraklaryň biridir.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler