TEHNOLOGIÝA

Rekord uçuş amala aşyryldy

Russiýanyň Tu-160 uçary 19-njy sentýabr güni täze dünýä rekordyny goýdy.

«RIA Nowostiniň» ýazmagyna görä, iki uçarman bu uçary 25 sagatdan gowrak üznüksiz dolandyryp, 20 müň kilometrden gowrak ýol geçdi. Neşir bu maglumaty Halkara kosmos güýçleriniň serkerdeleriniň biri, general-leýtenant Sergeý Kabilaşyň aýdanlaryna esaslanyp getirýär.

Munuň özi henize çenli gabat gelinmedik uçuşdyr. Ýeri gelende aýtsak, 2010-njy ýylda goýlan ozalky rekord hem Tu-160 uçaryna degişlidir. Şol uçuş 24 sagat 24 minut dowam edipdi.  

Strategik maksatlar bilen ulanylýan bu uçarda raketa daşalýar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar