SPORT

“Real” – 35-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy

Ispaniýanyň futbol boýunça milli çempionatynda “Real Madrid” topary wagtyndan öň çempionlygyny yglan etdi. Şeýlelikde, şa kluby hasaplanýan “Real Madrid” topary 35-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy.

“Real Madrid” topary çempionatyň 34-nji tapgyrynda “Espanýol” toparyny 4:0 hasabynda ýeňip, çempion bolmagy başardy. Toparyň tälimçisi Karlo Ançelotti taryhy rekordy gazandy. Ol Ýewropanyň öňdebaryjy 5 futbol çempionatynda çempion bolan ilkinji tälimçi boldy.

“Real Madrid” topary ispaniýanyň iň bir naýbaşy toparlarynyň biridir. 35-nji gezek çempion bolan “Real Madrid” toparyny çempionlyk ýaryşynda “Barselona” topary yzarlaýar. “Barselona” topary 26 gezek çempion boldy. Şeýle hem bu sanawda üçünji bolan “Atletiko” topary 11 gezek çempion boldy.

 

Russiýanyň çempiony – “Zenit”

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi