SPORT

Ralli-reýd boýunça ýurdumyzyň çempionaty

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Garagum sährasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginde guralan ýaryşa gatnaşyjylar jemi 161 kilometr aralykda bäsleşdiler. Şonuň 138 kilometri ýaryşyň birinji gününde, galany bolsa ikinji günde geçildi.

Çempionat Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Ýaryşlar «T2» we açyk synply awtoulag görnüşleri boýunça geçirildi. «Nissan Patrol», «Mitsubishi Pajero» we «Toyota Hilux» awtoulaglarynda iň gowy netije görkezen türgenler ýaryşyň ýeňijileri boldular.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginden Merdan Toýlyýew «Nissan Patrol» awtoulagynda «T2» görnüşi boýunça birinji orny eýeledi. Bu görnüş boýunça Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgenleri Maksatmyrat Daňatarow bilen Meýlis Abdyllaýew degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular.

Açyk synply awtoulag görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşda «Toyota Hilux» awtoulagynyň sürüjisi Çaryýar Çaryýew öňdeligi eýeledi. Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgenleri Serdar Kulalyýew bilen Ýolaman Abaýew degişlilikde kümüş we bürünç medal gazandylar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda awtomobil sporty uly ösüşlere eýe bolýar. Geçirilen ýaryş hem bu sport bilen meşgullanýanlary, hususan-da, ýaşlary höweslendirmekde nobatdaky çärä öwrüldi.

Ýene-de okaň

Germaniýa 32 ýyldan soňra basketbol boýunça Ýewropa çempiony boldy

17-nji sentýabrda “Arkadag” – “Andijon” bilen duşuşar

“Ahal” futbol kluby Hindistana bardy

«Arkadag» topary 100-nji ýeňşini gazandy

CAFA-2025: Özbegistan sebitleýin ýaryşyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Sport habarlary: Italiýaly zenanlar dünýä çempiony, Infantino Daşkentde