SPORT

Pýaniç “Barselona” barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçysy Miralem Pýaniç “Barselonada” karýerasyny dowam etdirip biler. Bosniýaly oýunçy transfere razy bolup, Kataloniýa kluby bilen ylalaşyk gazanmak isleyär. Häzirki wagtda esasy mesele oýunçynyň geçiş ugry.

“Barselona” ýarymgoragçysy Artury bermek islemeýär, ýöne Iwan Rakitiç, Arturo Widal ýa-da Nelson Semedu ýaly oýunçylary teklip etmäge taýyn bolany üçin, alyş-çalyş şertnamanyň iň amatly görnüşdigini habar berdi.

“Barselona” topary Rakitiçi, Pýaniç bilen çalyşmak isleýändigi barada belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler