Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlangyjy bilen Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza-ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygy geçirilýär.
Bu duşuşykda çykyş eden Russiýanyň Prezidenti 30 ýyl mundan ozal döredilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasynyň esaslandyrylmagynyň möhüm ädim bolandygyny belledi.
Wladimir Putin Russiýanyň geljekde hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletlere koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmäge kömek berjekdigini mälim etdi.
– Biz bu ugurdaky işleri dowam ederis. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky teklipleriňiz üçin köp sag boluň – diýip, bellän Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ugurdaky teklibine ýokary baha berdi.
Russiýanyň Prezidenti geljekde hem koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etjekdiklerini belläp, “Sputnik V” sanjymynyň koronawirus ýokanjynyň täze “omikron” görnüşini hem aradan aýyrmaga kömek edýändigini belledi.
Putin bu barada “Sputnik V” sanjymyny işläp düzen Gamaleý adyndaky merkeziň ýolbaşçysy Аleksandr Ginsburg bilen gürleşendigini mälim etdi.
GDA-nyň sammitine Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystanyň birinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Tajigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.
Şeýle hem dabara Russiýanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Russiýanyň baş lukmany Anna Ýurýewna Popowa hem çagyryldy.