TEHNOLOGIÝA

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy :Ulaglaryň ortaça tizligi anyklanýar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan berilen  bildiriş “Türkmenistan” gazetinde neşir edildi. Şol bildirişde iki nokadyň arasynda geçilen ýoluň hasaba alynmagy bilen, matematiki hasaplamada awtoulagyň tizliginiň ortaça jemi çykarylyp, ýol hereketiniň kadalarynyň bozulanlygy üçin bellenilen tertipde administratiw jerime salynýandygyny ýatladylýar.  Bildirişi Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

MÄH­RI­BAN IL­DEŞ­LER!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan paýtagtymyzyň köçeleriniň we şaýollarynyň ugrunda awtoulaglaryň tizligine gözegçilik sanly ulgam arkaly awtomatik usulda alnyp barylýar. Mu­ňa garamazdan, käbir sürüjiler paýtagtymyzyň köçeleriniň we şaýollarynyň ugrunda awtomatik usulda awtoulaglaryň tizligini ölçeýän wideogözegçilik nokatlaryna golaýlanlarynda, ulagyň tizligini peseldýärler we olardan geçenlerinden soň­ra, indiki ornaşdyrylan wideogözegçilik nokadyna çenli ýene-de tizliklerini artdyrýarlar.

HOR­MAT­LY SÜ­RÜ­JI­LER!

Paýtagtymyzyň köçeleriniň, şaýollarynyň ugrunda ýerleşdirilen ulaglaryň tizligini ölçeýji enjamlar arkaly, iki nokadyň arasynda geçilen ýoluň hasaba alynmagy bilen, matematiki hasaplamada awtoulagyň tizliginiň ortaça jemi çykarylyp, ýol hereketiniň kadalarynyň bozulanlygy üçin bellenilen tertipde administratiw jerime salynýandygyny size ýatladýarys! Ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý ediň! Bu siziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň howpsuzlygy üçin zerurdyr, çünki «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy!». Ýolu­ňyz ak bolsun, eziz ildeşler! Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Po­li­si­ýa­nyň ýol gö­zeg­çi­li­gi gul­lu­gy.

Sürüjiler jerimäni “Türkmenpoçtada” onlaýn töläň!

Aýlawly Çatryklarda Ýolyşyklary Zerurmy?

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi