IŞ ORUNLARY & TENDERLER

«Petronas»: täze iş orunlary

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky hünärler boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

  1. Gyýanlyda işlemek üçin amallar boýunça inžener.

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler ähli hünärler boýunça özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

  1. Bilimi: islendik inženerçilik ugry boýunça ýokary bilim hökman.
  2. Iş tejribesi: degişli pudakda 3 ýyldan 5 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly.
  3. Dil ukyplary: türkmen, iňlis, rus dillerini erkin bilmeli.
  4. Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasy.
  5. Lukman.

Bildirilýän talaplar:

  1. Bilimi: ýokary bilimli, lukman.
  2. Iş tejribesi: intensiw terapiýa bölüminde reanimatolog hökmünde 5 ýyldan 7 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly.
  3. Dil ukyplary: türkmen, iňlis, rus dillerini erkin bilmeli.
  4. Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy hem-de «MS Office» programmasy.
  5. Tehnik (tehnologik iş ýagdaýy).

Bildirilýän talaplar:

  1. Bilimi: degişli uniwersitetiň(politehniki ýa-da nebitgaz) inženerçilik ylymlary boýunça diplomy ýa-da deňderejeli resminama.
  2. Iş tejribesi: nebitgaz ýa-da degişli pudakda ulanyş boýunça tehnik wezipesinde 5 ýyldan 15 ýyla çenli gazyp almak, mehanika, elektrik we barlag-ölçeg abzallary boýunça subut edilen bilimi we endikleri bolmaly.
  3. Dil ukyplary: iňlis dilini başlangyç derejede bilmeli, türkmen, rus dillerini erkin bilmeli.
  4. Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasy.
  5. Tehnik (barlag-ölçeg abzallary boýunça).

Bildirilýän talaplar:

  1. Bilimi: degişli uniwersitetiň(politehniki ýa-da nebitgaz) inženerçilik ylymlary boýunça diplomy ýa-da deňderejeli resminama.
  2. Iş tejribesi: nebitgaz ýa-da degişli pudakda ulanyş boýunça tehnik wezipesinde 5 ýyldan 13 ýyla çenli barlag-ölçeg abzallary bilen işlemekde subut edilen bilimi we endikleri bolmaly.
  3. Dil ukyplary: iňlis dilini başlangyç derejede bilmeli, türkmen, rus dillerini erkin bilmeli.
  4. Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasy.
  5. Tehnik (elektrik).

Bildirilýän talaplar:

  1. Bilimi: degişli uniwersitetiň(politehniki ýa-da nebitgaz) inženerçilik ylymlary boýunça diplomy ýa-da deňderejeli resminama.
  2. Iş tejribesi: nebitgaz ýa-da degişli pudakda ulanyş boýunça tehnik wezipesinde 5 ýyldan 15 ýyla çenli elektrik enjamlar bilen işlemekde subut edilen bilimi we endikleri bolmaly.
  3. Dil ukyplary: iňlis dilini başlangyç derejede bilmeli, türkmen, rus dillerini erkin bilmeli.
  4. Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasy.
  5. Tehnik (mehanik).

Bildirilýän talaplar:

  1. Bilimi: degişli uniwersitetiň(politehniki ýa-da nebitgaz) inženerçilik ylymlary boýunça diplomy ýa-da deňderejeli resminama.
  2. Iş tejribesi: nebitgaz ýa-da degişli pudakda ulanyş boýunça tehnik wezipesinde 5 ýyldan 13 ýyla çenli mehaniki enjamlar bilen işlemekde subut edilen bilimi we endikleri bolmaly.
  3. Dil ukyplary: iňlis dilini başlangyç derejede bilmeli, türkmen, rus dillerini erkin bilmeli.
  4. Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmasy.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän edara jaýyndan («B» blok) alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen mailto:recruitment.tm@petronas.com.my gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny we tabşyrýan wezipesini görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

 

Türkmenistan-BSGG: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär

“PETRONAS Çarigali”: ökde hünärmenleri işe çagyrýar

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy: biz iş tejribeligine çagyrýarys!