IŞ ORUNLARY & TENDERLER

“Petronas Çarigali” işe çagyrýar

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky wezipelere hünärli we talabalaýyk dalaşgärleri işe çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Türkmenbaşyda — Gyýanlyda işlemek üçin lukman.

Ähli dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
1. Bilimi: lukmançylyk ugrundan ýokaryb ilimli.
2. Iş tejribesi: intensiw terapiýa bölüminde reanimatolog hökmünde 5 — 7 ýyl iş  ejribeli. 3. Dili: iňlis, türkmen we rus dillerini erkin bilmeli.
4. Endikleri we başarnyklary: degişli pudak boýunça hünär bilimli. MS Office programmasynda işläp bilmeli.

Hünärmen (Daşky gurşawy goramak).

1. Bilimi:howpsuzlyk tehnikasy, zähmeti, saglygy we daşky gurşawy goramak ugry bilen baglanyşykly ýa-da oňa kybapdaş ýokary bilimli.

2. Iş tejribesi: degişli ugurdan 3 — 5 ýyl iş tejribeli.
3. Dili: iňlis, türkmen we rus dillerini erkin bilmeli.
4. Endikleri we başarnyklary: MS Office programmasynda işläp bilmeli.

Resmi kagyzlary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasyndan alyp bolar.
Salgymyz: Aşgabat şäheri, 744027, Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy (blok-B). Doldurylan sowalnamalary familiýaňyzy, adyňyzy, haýsy wezipä dalaş edýändigiňizi görkezip, bildirişiň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna tabşyrmagyňyzy ýa-da recruitment. tm@petronas.com.my elektron
salgysyna ibermegiňizi haýyş edýäris.

Diňe talaplara laýyk bolan dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

 

 

Ýurdumyz boýunça 1,232 million tonna däne ýygnaldy

Related posts

Internet-saýty döretmek boýunça bäsleşik

Ata Watan Eserleri

Halkara Bäsleşik:Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK

«ПЕТРОНАС»: сообщает о новых вакансиях