DÜNÝÄ

Peläniň ejesi 101 ýaşynda aradan çykdy

2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda 82 ýaşynda aradan çykan dünýä belli futbolçy Peläniň ejesi Selesta Arantis 101 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “Globo” portaly habar berýär.

3 gezek dünýä çempiony bolan brazil futbolçy Peläniň ejesi Arantisiň Santus şäherindäki hassahanada aradan çykandygy habar berildi.

Bu barada resmi habary Peläniň futbol durmuşynyň köp böleginde çykyş eden “Santos” futbol kluby habar berdi.

Arantis soňky bäş ýylyny wegetatiw ýagdaýda geçirdi we oglunyň aradan çykandygyndan hem habarly bolmady.

Asyl ady Edson Arantis du Nasimento bolan Pele 2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda 82 ýaşynda aradan çykypdy. Ol 1958-nji, 1962-nji we 1970-nji ýyllarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda çempion bolan ýeke-täk futbolçydyr. Pele birnäçe gezek XX asyryň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edilipdi.

Ýene-de okaň

Zenanlaryň 200-den gowragy «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldular

ÝB-niň ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi