SIZDEN GELENLER

Parahatçylyk we dialog – ählumumy ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe abadan durmuşda ýaşaýan ulus-ilimiz dünýä ähmiýetli öňe sürülýän oňyn başlangyçlary doly goldaýar. Türkmenistan döwletimiz özüniň bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda berkidýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa, ilkinji nobatda, özara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýan döwletimiziň halkara derejede ornuny berkitmäge uly ýardam edýär.

Ýurdumyzyň ählumumy howplaryň öňüni almak, bu babatda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem gurama agza döwletleriň arasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlen filosofiýanyň ornuny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, degişli Kararnamany işläp taýýarlamak boýunça oňyn başlangyçlar öňe sürüldi. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan degişli Kararnamanyň kabul edilmegi aýratyn ähmiýetli wakalaryň biridir.

Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Dialog  —  parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň goldanylandygy we «2023-nji ýyl  —  Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar ýurdumyza gelip gowşupdy. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň nobatdaky üstünligi boldy.

Halkara, sebit we milli derejelerde tagallalaryň yzygiderli birleşmeginiň zerurdygy sebäpli, Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň ilat gaznasy, Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.

Hormatly Prezidentimiziň Döwlet Maslahatyndaky taryhy çykyşynda: «Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesi toplanyldy» diýip, belleýşi ýaly, geçen ýyllarda Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň köp sanlysy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna ýedi gezek saýlandy. Halkara we sebit guramalarynyň, döwletara hyzmatdaşlygynyň gurallarynyň ençemesiniň agzasy bolmak bilen, parahatçylyk medeniýetiniň berkidilmegine goşant goşdy. Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlyk, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, ulag-energetika, saglygy goraýyş we ekologiýa abadançylygy baradaky konwensiýalaryň çäklerinde öňe süren örän ähmiýetli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyza berýän ünsüniň we hormatynyň aýdyň beýanydyr. Taryh üçin gysga döwürde türkmen Bitaraplygy dünýäde belent ykrarnama eýe bolmak bilen, Aşgabat bu ykrarnamanyň jähetinde sebitde we dünýäde ylalaşdyryjy merkeze öwrülýär. Dürli dawa-jenjelleriň parahatçylykly çözülmegini ugur edinip, ýurdumyz möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, dünýäde «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly taglymatlaryny dabaralandyrýar.

Selbiniýaz Goçmyradowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyñ

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji yyl talyby.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika