SPORT

Pälwanlarymyz Aziýanyň çempionatynda 15 medal gazandylar

Alyş göreşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýurdumyzda bellenilýän goşa baýrama — Aşgabat şäheriniň gününe we «Soňky jaň» dabarasyna halkara derejedäki üstünlikleri bilen sowgatly geldi.

Türkmen pälwanlary Gyrgyzystanyň Oş şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda medallaryň 15-sine mynasyp boldular. Göreşiň bu görnüşiniň erkin usulynda bolsa türkmen pälwanlary toparlaýyn birinji orny eýelediler.

Yklym çempionatynyň ilkinji gününde nusgawy usuldaky ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryşlarda biziň ildeşlerimiz medallaryň 8-sini eýelediler. Olaryň üçüsi altyn, ýene şonçasy kümüş, ikisi bolsa bürünç medallardyr.

Has takygy, nusgawy usulda 70 kilograma çenli agram derejesinde Jemal Owlýakulyýewa, 100 kilograma çenli agramda Pälwan Gurbangeldiýew hem-de 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde Nurmuhammet Baýdogdyýew hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykyp, Aziýanyň çempiony boldular.

Şeýle hem 80 kilograma çenli agramda Agaýusup Garaýew, 70 kilograma çenli agramda Iskender Aşyrow we 90 kilograma çenli agramda Arslan Hojamberdiýew kümüş medallary eýelediler.

Türkmenistanyň ýygyndysyndan 75 kilograma çenli agramda Naziýa Joraýewa bilen Daýanç Guwanjow yklym ýaryşynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

22-nji we 23-nji maýda erkin usuldaky ýaryşlar geçirildi. Bu usulda milli ýygyndymyzyň toparlaýyn birinji orna mynasyp bolandygyny habar bermek has ýakymlydyr. Türkmen pälwanlary bu üstünlige ýedi medal gazanmak arkaly ýetdiler. Şolaryň dördüsiniň altyn medal bolmagy has guwandyryjydyr. Erkin usul boýunça 22-nji we 23-nji maýda geçirilen ýaryşlarda türkmen ýygyndysyndan 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Daýanç Guwanjow, 80 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Rozymyrat Medow, 90 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşa goşulan Arslan Hojamberdiýew we 100 kilogramdan agyr pälwanlaryň arasynda ýaryşan Nurmuhammet Baýdogdyýew ýurdumyza altyn medallar bilen dolanýarlar.

Jemal Owlýakulyýewa (70 kilograma çenli) bilen Naziýa Joraýewa (75 kilograma çenli) bolsa ýaryşyň kümüş medallaryna mynasyp boldular. Erkin usulda 60 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Maral Garjykowa bürünç medaly eýeledi.

Erkin usulda toparlaýyn hasapda türkmen pälwanlaryndan soň ikinji orna ýer eýeleri — Gyrgyz Respublikasynyň, üçünji orna bolsa Gazagystanyň ýygyndylary mynasyp boldular.

Gazanylan üstünlikde Nurmuhammet Baýdogdyýew (iki altyn medal), Arslan Hojamberdiýew (bir kümüş, bir altyn medal), Jemal Owlýakulyýewa (bir altyn, bir kümüş medal), Naziýa Joraýewa (bir kümüş, bir bürünç medal), Daýanç Guwanjow (bir altyn, bir bürünç medal) ýaly goşa ýeňşe eýe bolan türgenlerimiziň paýy has uludyr.

Ýeri gelende aýtsak, alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatyna 14 döwletden 300-den gowrak türgen gatnaşdy. Olaryň 12-si türkmenistanly türgenlerdir. Pälwanlarymyzyň gazanan bu üstünligi türkmen sportunyň halkara giňişlikdäki abraýyna abraý goşdy.

 

Rimlileriň 61 ýyldan soňra gazanan ilkinji kubogy

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary möwsümi 3 kubok bilen tamamlady

Ukrain boksçy Usik Taýson Fýurini ýene-de ýeňdi

Kuraş sporty Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň sport maksatnamasyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

2024-nji ýyl: sportda iň täsirli 50 zenan türgen

Ata Watan Eserleri

Modriç “Realyň” iň köp kubok gazanan futbolçysy boldy

FIFA Türkmenistanda futboly ösdürmek başlangyçlary goldaýar

Ata Watan Eserleri