JEMGYÝET

Pagta ýygymçy we Pagtaçy.”. hünârleri sanawa goṣuldy

Pagta ýygymçy we Pagtaçy.”. hünârleri On sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň Sanawyna girizildi
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň
2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda çykaran 105-iş belgili
B U Ý R U G Y
«Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2018-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran 87-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, On sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň Sanawyna goşmaça girizmek barada»
2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna esaslanyp, On sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň Sanawyny kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:
1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 18-nji awgustynda 1151 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, “On sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň sanawyny tassyklamak barada” Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 2018-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran 87-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, On sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň Sanawynyň iki müň üç ýüz altmyş üçünji böleginden soň şu mazmunly bir belgili we iki belgili iki müň üç ýüz altmyş üçünji bölekleri goşmaly:
“23631. 160135-Pagta ýygymçy.
  23632. 250685-Pagtaçy.”.
2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň degişli orunbasary gözegçilik etmeli.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Helsinki şäherine amala aşyran sapary

Balkanabat şäherine täze häkim bellendi

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Germaniýa” sammiti geçiriler

Ata Watan Eserleri

Serhetde duşuşyk: Türkmenistan bilen Owganystan möhüm taslamalara badalga berer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Ata Watan Eserleri