JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti: Türkmenistan bilen köptaraplaýyn gatnaşyklar has-da ösdüriler

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew  «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» (AADHG + MA) Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygyna gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy kabul etdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tükrmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylyk we çuňňur strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara söwda dolanyşygynyň ösüşi aýratyn kanagatlanma bilen bellendi. Şawat-Daşoguz söwda zolagy döredilýär. Özara peýdaly hyzmatdaşlyk senagat hyzmatdaşlygy, energiýa, ulag we logistika we oba hojalygy pudagynda dowam edýär.

Sebitara gatnaşyklar, şol sanda medeni we ynsanperwer alyş-çalyş giňelýär. Şu ýyl Özbegistanda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçiriler.

Öňde boljak ýokary derejeli duşuşyklara taýýarlyk görmek babatda köptaraply hyzmatdaşlygyň täze gün tertibiniň döredilmegine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň häzirki meseleleri barada pikir alyşyldy.

 

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy