Owganystanyň Kabul şäherinde “TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji baş direktory Muhammetmyrat Amanowyň Owganystanyň dag magdany we nebit senagaty ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawer bilen duşuşygy boldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow hem gatnaşdy.
Owganystanyň Dag magdany we nebit senagaty ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçiriji taslamasynyň ähmiýeti, gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, Türkmenistandan Kabula tehniki toparyň iberilmegi, TOPH gaz geçirijisi taslamasynyň Hyrat şäherinde işe başlamagy babatda pikir alyşdylar.
Delawer TOPH taslamasynyň diňe biri gatnaşyjy ýurtlar däl, eýsem hemmeler üçin peýdaly taslamadygyny belläp, owgan halkynyň bu iri ykdysady taslamany goldaýandygyny belledi. Şeýle hem ol bu meýilnamada islendik hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar taslamanyň işleriniň çaltlandyrylmagy üçin tehniki toparlaryň ýygnaklarynyň dowam etdirilmeginiň möhümdigi bellediler.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hyrat şäherinde saparda bolup, Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki we dag magdany we nebit senagaty ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawer bilen duşuşypdy.
