BILIM

Owerçuk: bilelikdäki türkmen-rus uniwersiteti boýunça şertnama baglaşmaga garaşylýar

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk ýakyn wagtda  bilelikdäki türkmen-rus uniwersiteti boýunça şertnama baglaşmaga garaşylýandygyny belledi.

Bu barada rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy Aşgabatda geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatynyň çäklerinde TASS habarlar gullugyna beren beýanatynda belläp geçdi.

Owerçuk Aşgabatda saparda bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyklar geçirdi.

– Türkmenistanyň Hökümeti bilim we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek babatda pikir alyşdyk. Ýakyn wagtda ýurtlaryň arasynda şertnama baglaşmak derejesine çykarys diýip pikir edýärin – diýip, rus wekiliýetiniň ýolbaşçysy Owerçuk belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebini döretmek babatda gepleşikler geçirilýär. Iň ýakyn wagtda talyplayrň bilim aljak hünärleri kesgitlener. Rus mugallymlar bolar. Şeýle hem bu maksatnamalar boýunça ýerli hünärmenler hem bolar. Öňdebaryjy bilim maksatnamalary bilen üpjün ederis, diýip Owerçuk beýanatynda aýdyp geçdi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary