JEMGYÝET

Otly gatnawlary barada täzelik

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “www.railway.gov.tm” internet saýtynda otly gatnawlary barada nobatdaky täzelik çap edildi.

Onda hususan-da şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar!
2021-nji ýylyň Aprel aýynyň 1-den bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, hepde-de 2 gezek hepdäniň çarşenbe we anna günleri Aşgabat-Mary–Türkmenabat, hepdäniň penşenbe we şenbe günleri Türkmenabat-Mary–Aşgabat ugurlary boýunça we hepde-de bir gezek Aşgabat-Daşoguz boýunça ýekşenbe güni, hepdaniň duşanbe güni Daşoguz-Aşgabat demir ýol gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaldylandygy barada habar berýäris.

Ýokarda görkezilen ugurlar boýunça ýolagçy biletleri bilet satyş kassalarynda we online görnüşinde resmilleşdirip bilersiňiz.

Ozal berlen habarda, wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň 15-nji apreline çenli uzaldylandygy mälim edilipdi.

 

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

 

Makul Sözlük Applikasiýasyny indirmek üçin şu ýere basyň!

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy