MEDENIÝET

“Oskar 2022” baýraklarynyň käbiri gowşurylyş dabarasyndan öň berler

Kinofilm sungat we ylymlar akademiýasy, “Oskar” dabaralarynyň reýtingleriniň ýylsaýyn peselmegi meselesiniň täze çözgüdi barada oýlandy. Şoňa laýyklykda käbir kategoriýalarda baýraklar göni ýaýlymdan öň berler.

Şu ýyl 94-nji gezek geçiriljek 2022-nji ýyldaky “Oskar” baýrak gowşurylyş dabarasy, ýylsaýyn peselýän reýtingleri janlandyrmak we tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekmek üçin täze ýüz tutma bolar. Şoňa laýyklykda baýraklar 27-nji martda yglan edilse-de, 23 sany kategoriýanyň hemmesi göni efirde berilmez. 8 sany kategoriýadaky baýraklar öň eýelerine berler we göni ýaýlymda ekranda dabaranyň arasyna goşular. “Oskar” baýrak gowşurylyş dabarasy gaty uzaga çekendigi üçin tankyt edildi we reýtingleri gitdigiçe peselýär. Şol sebäpli edilmeli üýtgeşmä görä gysga dokumental film, çeper eser, makiýaž- saçlary, asyl aýdym, önümçilik dizaýny, gysga animasiýa, gysga janly hereket we ses baýraklary göni ýaýlymdan öň berler.

Dabara üýtgeşmeleri kabul etmek üçin adatdakysyndan bir sagat öň başlar. Göni ýaýlymlaryň arasynda söz berilmeýän baýrak klipleri goşular. Şeýle hem mundan ozal teatryň “Oskar”-lary hökmünde häsiýetlendirilýän “Tony” baýraklarynda şuňa meňzeş usul ulanyldy.

“Oskar” akademiýasy hormat baýraklaryny eýýämden ýaýlymdan aýyrdy we başga bir gijede hödürleýär.

Tehniki bölümlere dalaşgärlere dabaradan ozal baýraklaryny aljakdyklary habary hem düýn berildi.

94 ýyllyk taryhy bolan “Oskar” dabaralary hemişe “ABC”-e reýting basyşyna sezewar edildi. Geçen ýylky dabarada reýtingler öňki bilen deňeşdirilende 51 göterim azaldy. “Oskar” dabaralaryny gurnaýan Kinofilm sungat we ylymlar akademiýasy, täjirçilik arakesmelerinde 2019-njy ýylda köp sanly tehniki kategoriýa baýraklaryny beripdi.

Halkara maýa goýum forumy geçiriler

Ýene-de okaň

Magtymgulyşynaslar üçin möhüm gollanma

Aşgabatda meşhur hindi filmleri görkeziler

Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan zehinli çagalar

Aşgabatda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlar sylaglandy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

Tunisli ýyldyz Amani Swissi Türkmenistanda çykyş etdi