BIZNES

Önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 52-si işe giriziler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow ýurdumyzda maýa goýumlaryň özleşdirilişi, pudaklarda senagat kärhanalarynyň işe girizilişi we täze iş orunlarynyň döredilişi barada hasabat berdi.

Şu ýyl önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 52-sini işe girizmek meýilleşdirilýär. Ýanwar — aprel aýlarynda düýpli maýa goýumlary özleşdirmäge bölünip berlen serişdeleriň 59 göterimi durmuş maksatly binalaryň, 41 göterimi önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Häzirki wagtda işiň şu görnüşiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Ykdysady işleriň görnüşleriniň sanyny artdyrmak we pudaga sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan çäreler bilen baglylykda, geljekde-de önümçilik hem-de hyzmat ediş ulgamlarynyň täze kärhanalaryny döretmegi höweslendirmäge, amatly işewürlik gurşawyny kemala getirmäge, şeýle hem edara-kärhanalary döwlet tarapyndan bellige almak ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem wise-premýer Ministrler Kabinetiniň 13-nji maýda geçirilen mejlisinde salgyt ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek hem-de Türkmenistanyň Salgyt kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde alnyp barylýan seljeriş işleri barada maglumat berildi, şonuň netijeleri boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

 

20-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Azerbaýjan 3.8 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Täze maldarçylyk fermasy gurulýar

Hindistan suwuklandyrylan gaz importynda Fransiýadan geçdi

Pekin şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum mümçilikleri bilen tanyşdyryldy

Türkmenistan bilen Gruziýa gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek babatda ylalaşyk baglaşdylar

Özbegistanda üçünji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek teklip edildi