SPORT

Olimpiýa oýunlarynyň açylyşyna 15 prezidente garaşylýar

Şu ýylyň 23-nji iýulynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde resmi açylyş dabarasy geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna 15 ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaponiýanyň Ministrler kabinetiniň baş sekretary Kasunobu Katonyň aýtmagyna görä, 15 ýurduň döwlet Baştutanlary bilen bir hatarda halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna garaşylýandygyny belledi.

Şeýle hem 70 ýurtdan sport ministrleriniň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygy mälim edildi.

– Häzirki wagtda 15 ýurduň Prezidentiniň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna, şeýle hem 70 ýurtdan sport ministrlerine garaşylýar. Açylyş dabarasyna gatnaşjak myhmanlaryň jemleýji sany boýunça ylalaşyklar dowam edýär – diýip, Kasunobu Kato belledi.

Mundan ozalky, 2016-njy ýylda geçirilen Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherindäki tomusky Olimpiýa oýunlaryna 40 döwletiň Baştutanlary gatnaşypdy.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary 2020-nji ýylyň 24-nji iýuly-9-njy awgusty aralygynda geçirilmelidi. Ýöne koronawirus ýokanjy sebäpli bir ýyl yza süýşürildi. Bu pandemiýa sebäpli Olimpiýa oýunlaryna daşary ýurtdan janköýer kabul eidlmeýär.

Häzirki wagtda hem pandemiýa sebäpli Tokioda 12-nji iýulda yglan edilen adatdan daşary ýagdaýlar 22-nji awgusta çenli dowam edýär.

 

Tokio Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji ýaryşlary başlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri