JEMGYÝET

Ogulabat ejäniň alajalary we olary taýýarlamakdaky iş guraly Döwlet muzeýine gowşuryldy

Häzirki döwürde ýurdumyzda dünýä nusgalyk milli keşdeçilik sungaty, has takygy türkmen zenanlarynyň el hünäri ähli babatlarda  görelde mekdebine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady.

Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny we alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny muzeýe gowşurdy. Ýaş gelin-gyzlar üçin nusgalyk derejesine ýetirilen alajalar mukaddes  gymmatlyk hökmünde kabul edildi. Taryhy ähmiýeti bolan waka mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylar, ýurdumyzyň öňdebaryjy gelin-gyzlary asylly däbe görä, Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis alajalary üç mertebe ýüzüne syldylar. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän asylly we dünýä nusgalyk ýörelgeleriň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we dowamata atarylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Şeýle hem bu ýerde guralan taryhy ähmiýetli çärä gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyran beýik işlerine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary, sportuň dürli görnüşleri we çeper döredijilik bilen meşgullanýan Gahryman Arkadagymyzyň durmuş pursatlaryndan düşürilen surat eserlerine bagyşlanan sergi gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Munuň özi Döwlet muzeýinde guralan çäräniň köptaraply häsiýete eýe bolandygyny görkezdi.
Şeýle-de Türkmen halysynyň milli muzeýine baryldy.

Ol ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa we onuň agtyklaryna gadymy döwürlerde döredilen milli ýörelgeler, zenanlaryň el hünäri, şol sanda halyçylygyň taryhy, olar hakyndaky rowaýatlar, halylaryň döreýiş aýratynlyklary, gadymylygy we türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklarynyň çeper hünäri barada gürrüň berildi.

Ýene-de okaň

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Pakistana çagyryldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze rektor bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri