BIZNES

OGT-2023: Türkmenistan Özbegistana 2 milliard kubmetr tebigy gaz eksport edýär

Aşgabatda 28-nji gezek geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahatynda çykyş eden “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň daşary ýurt bazarlaryna eksport edýän tebigy gaz möçberleri barada habar berdi.

Onuň bellemegine görä, Türkmenistan Özbegistana 2 milliard kubmetr möçberinde tebigy gaz eksport edýär.

Mundan başga-da, oktýabr aýynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yragyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda tebigy gazy ibermek boýunça ähtnama gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, Eýranyň üsti bilen ýene-de “swop” görnüşinde Yraga 9 milliard kubmetr möçberinde tebigy gaz ibermek meýilleşdirilýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew öz çykyşynda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly maýadarlary “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 3-nji tapgyryna gatnaşmaga çagyrdy. Bu tapgyrda öndüriljek tebigy gazyň “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň çeşmesi boljakdygy bellenildi.

Bu barada “https://www.newscentralasia.net/” neşiri habar berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder