Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda iri nebitgaz forumy öz işine başlady. 28-nji gezek geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara maslahata we sergä gatnaşmak üçin dünýäniň 46 döwletinden 700-den gowrak wekiliýet geldi.
Halkara maslahata çykyş eden “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Türkmenistanyň subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde Russiýa, Katar we Eýrandan soňra 4-nji orunda durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” känini senagat taýdan özleşdirmek üçin degişli işleriň alnyp barylýandygyny bellän Babaýew bu gaz käniniň 2-nji we 3-nji tapgyrlarynyň özleşdirilmegi üçin daşary ýurtly maýadarlar bilen işjeň gepleşikleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Ol bu babatda 2024-nji ýylda öňe gidişlige garaşylýandygyny belläp, ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Hytaýa iberilmeli tebigy gazyň möçberiniň 65 milliard kubmetre ýetmelidigini, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň Türkmenistanyň serhedinden Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üsti bilen Hytaýa ýetiriljekdigini, Hytaýa iberilmeli tebigy gazyň 25 milliard kubmetri üçin “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň 2-nji tapgyrynyň hasabyna meýilleşdirilýändigini belledi.
Bu barada “https://www.newscentralasia.net/” neşiri habar berýär.