«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ýurdumyz taryhy wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Eziz Diýarymyzda gazanylýan belent üstünlikler, durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýar. Şeýle beýik ösüşler bolsa belent maksatlardan, ylmy esasda ýola goýlan işlerden gözbaş alýar. Şu ýerde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hakynda aýratyn bellemegimiz gerek. Täze maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary aýdyň beýan edilýär, möhüm maksatlar kesgitlenýär.
Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Häzirki döwürde topraga aýawly garamak däpleri täze many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler aýdyň netijesini berýär.
Şu günler oba hojalyk toplumynda gyzgalaňly hem-de jogapkärli döwür dowam edýär. Galla oragyna guramaçylykly girişmek, gowaçalara göwnejaý ideg etmek, pile öndürmek, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek bilen bagly işler degişli derejede ýola goýulýar.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, ýylyň-ýylyna dünýäniň iň kämil, kuwwatly tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alyp berýär. Gallaçy kärendeçiler suw, dökün bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň gurduryp berýän kärhanalarynda öndürilýän dökünler gallaçy we pagtaçy kärendeçilerimiziň döküne bolan zerurlyklaryny doly üpjün edýär. Ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklarynda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly tohumlar taýýarlanylýar. Kärendeçileriň tabşyran önümleri üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Türkmen topragynda asyrlaryň dowamynda çörek iň gymmatly baýlyklaryň biri hasaplanypdyr. Türkmenler gadymy siwilizasiýalarynyň biriniň esaslandyryjylary bolmak bilen müňlerçe ýyllaryň dowamynda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiripdirler.
Arheologlaryň Jeýtun, Änew, Pessejik depe ýadygärliklerinde geçiren gazuw-agtaryş işleri ol ýerdäki gurluşykda ulanylan çig kerpiçde, suwag laýlarynda, bugdaýyň gabygynyň, gylçygynyň, sünbüliniň, samanynyň, dänesiniň barlygy ýüze çykaryldy. Şu täsin maglumatlar Türkmenistanyň ak bugdaýyň Watanydygyna güwä geçýär. Ak bugdaý bereket bolçulygy, ýedi hazynanyň biri hasaplanylýar. 2005-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherçesinde „Ak bugdaý“ muzeýi açyldy.
Bugdaý – bu berkarar döwletimiziň azyk garaşsyzlygynyň, ilatymyzyň rysgal berekediniň özeni, ýaşaýşyň gözbaşy, dowamatyň delilidir.
Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen dünýäniň iň öňdebaryjy öndürijilerinden satyn alynýan kämil oba hojalyk tehnikasy daýhanyň ýakyn ýardamçysyna öwrülýär.
Daýhanlara ägirt uly ýeňillikler berilýär, pudagy täze tehnikalar bilen üpjün etmek işi giň gerimde alnyp barylýar, iň täze tehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar, şolar ata-babalarymyzyň ýerden rejeli peýdalanmak baradaky köpasyrlyk tejribesi bilen bilelikde oba hojalygyny çalt depginler bilen ösdürmegiň ygtybarly binýadyna öwrülýär.
Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldanylmagy, türkmen obasyny ösdürmek üçin kuwwatly durmuş-ykdysady binýadyň üpjün edilmegi obasenagat toplumynda öndürilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagynyň girewidir.
Umuman, bularyň ählisi milli Liderimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän galla bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Saparmyrat Gurbanow,