11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Şol taryhy mejlisde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.
Täze maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalygyna hem aýratyn orun berildi. Soňky ýyllarda ýurdumyzda pagta, bugdaý, şaly bilen birlikde gök-bakja, ýeralma, halkyň isleg bildirýän beýleki gök ekinlerini, şeýle-de miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Ilaty ýylyň dowamynda gök önümler bilen üpjün eder ýaly, welaýatlarda ýyladyşhanalar hem-de sowadyjylar gurlup ulanmaga berilýär. Gyş paslynda-da bazarlarymyzdaky ter gök-bakja önümleriniň köpdürlüligi bu geçirilýän işleriň miwesidir.
Milli maksatnama laýyklykda, ýokary hilli, halkara ülňülere laýyk gelýän, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa döwrebap önümçilikleri döretmek arkaly Diýarymyzda azyk howpsuzlygy üpjün ediler. Şonuň bilen birlikde, oba hojalyk önümleriniň import edilýän möçberi azaldylyp, eksporty artdyrylar.
Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň gerimi giňär, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmagyň hasabyna meýdanlaryň suw bilen üpjünçiligi has-da gowulandyrylar. Suw tygşytlaýjy gurallar önümçilige yzygiderli ornaşdyrylar, suwarmagyň öňden hereket edýän usullary kämilleşdiriler. Maldarçylyk pudagyny ösdürmäge, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmaga, tohumçylyk işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda alnyp barylmagyna hem aýratyn üns berler.
Ilhambek Haytbaýew, TOHU-nyñ talyby.