JEMGYÝET

Nýu-Ýorkuň Taýms meýdanynda Türkmenistan tanyşdyryldy

Şu gün türkmen halky milli baýramy – mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny uly dabaralar bilen belleýär.  Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Dünýäniň iň bir  gelim-gidimli ýeri bolan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Taýms meýdanynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni” ýatlanyp geçildi.

“Dünýäniň çatrygy” diýen at bilen meşhurlyk gazanan bu Taýms meýdanyndaky uly ekranda Türkmenistan döwletimiziň ýaşyl tugy peýda bolýar.

Bu ajaýyp şekiller dünýä jemgyýetçiliginiň, umuman her ýyl 50 million aday kabul edýän bu iri meýdanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň ýatlanyp geçilmegi, türkmen döwletine goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

“Taýms-skwer” meýdany ABŞ-nyň iri şäheri bolan Nýu-Ýork şäheriniň Manhetten sebitiniň iň köp amaly ýeridir, ol her ýyl 50 million adamy kabul edýär. “Dünýäniň çatrygy” adyny alan bu meýdançadan her gün 300 müň pyýada hem-de 115 müň sürüji geçip gidýär. Bu meýdançanyň ugrundaky döwlet we jemgyýetçilik gulluklarynda 170 müň adma işleýär. “Taýms” meýdany Nýu-Ýorkuň hem-de tutuş Birleşen Ştatlaryň nyşanydyr.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy