Birinji nusga: “1 + 2 = ab”. Türkmen dilinde bu görnüşde bogun galyby ýokdur. Ýöne başga dilden alynma söz bu nusga gabat gelýär. Suw diýen manyny aňladýan iki harpdan ybarat bolan bu sözüň asly parsçadyr.
Onuň türkmen dilindäki ýazylyşy: ab; okalyşy bolsa [a:p] görnüşinde çekimlisi uzyn aýdylýar. Şeýle hem sözüň soňundaky “b” fonemasy “p” şekilinde aýdylýar. [TDDS, I, 2016:24]
Bu aýdylyş [“b” ýerine “p”], belki-de diňe Türkmenlere mahsusdyr. Munuň sebäbi türkmen dilinde sözüň soňunda “b” gelmeýändigi üçin bolup biler. Bu ýagdaýyň ýazuwa geçen käbir nusgalaryny türkmen dilinde ulanylýan “Lebap”, “Farap”, “Murgap” ýaly böleginiň biri suw bilen baglanyşykly bolan geografik adalgalarda-da görmek mümkindir.
Ikinji nusga: üç harply, iki bogunly nusgadyr. Birinji nusgadaky söze (ab) ýöneliş düşümiň goşulmasynyň goşulmagy bile ýüze çykýan nusgasy diýmek bolar. Bu nusganyň türkmen dilindäki ýazylyşy: aba; okalyşy bolsa [a:va] görnüşinde birinji “a” çekimlisi uzyn, soňky “a” çekimlisi gysga aýdylýar. Şeýle hem iki çekimliniň [a+ / +a] arasynda gelen “b” fonemasy “v” şekilinde [a:va] aýdylýar.
Üçünji nusga: üç harply, iki bogunly sözdür. Bu sözüň türkmen dilindäki ýazylyşy: aba; okalyşy bolsa [ava] görnüşindedir [TDDS, I, 2016:24]. Gürrüňi edilýän söz özbaşdak söz bolup, ol gadymda “kaka” diýen manyny aňladypdyr. Mundan başga-da Türkmenler bu sözi öz ogullaryna dakyp, has at hyzmatynda ulanypdyrlar.
Dördünji nusga: üç harply, iki bogunly bolan ýokardaky söze ýöneliş düşümiň goşulmasynyň goşulmagy bile ýüze çykýan nusgasy diýmek bolar. Bu nusganyň türkmen dilindäki ýazylyşy: aba / Aba; okalyşy bolsa [ava: / Ava:] görnüşinde birinji “a” çekimlisi gysga, soňky “a” çekimlisi uzyn aýdylýar. Şeýle hem iki çekimliniň [a+ / +a] arasynda gelen “b” fonemasy “v” şekilinde [ava: / Ava:] aýdylýar.
Bäşinji nusga: dört ýa-da köp harply, iki bogunly bolan ýokardaky nusga alynma sözleriň düzüminde duş gelýär: abdy, abraý, abla…
Altynjy nusga: “2 + 1 = ba”. Türkmen dilinde bu görnüşde açyk bogun galyby bardyr. Bu bogunlaryň gaty köp sanly görnüşleri bardyr.
Türkmen dilinde şol nusgalary anyk öwrenmek üçin, öňi bilen aşakdaky ýaly umumy birleşimleriň görnüşlerini doly hasaba almak zerurdyr.
açyk bogun (1/2) + açyk bogun (-ba)
Mysallar: 1.a-ba, o-ba…; 2. gu-ba, ta-ba, sa-ba, to-ba, ýa-ba…
ýapyk bogun (3) + açyk bogun (-ba)
Mysallar: çor-ba, gar-ba, tor-ba, tur-ba, zar-ba…
Ýedinji nusga: “2 + 1 = ba”. Soňy “p” bilen gutaran atlaryň (kitap, gutap, jorap, jogap, sogap, arap, garyp…) ýöneliş düşümiň goşulmasyny almagy bilen ýüze çykýan nusgalar:
Meselem, kitap + a = ki – ta – ba; gutap + a = gu – ta – ba; jorap + a = jo – ra – ba; jogap+ a = jo – ga – ba; sogap + a = so – ga – ba; arap + a = a – ra – ba; garyp + a = ga – ry – ba…
Sekizinji nusga: “bal, bak, bar, bas, bat, baş, baý…” ýaly bir bogunly sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda, birinji bognuň galypy “2 + 1 = ba” nusganyň birleşmeginden emele gelýär: bal: bal+yň = ba-lyň; bal+a = ba-la; bal+y = ba-ly; bak: bak+yň = ba-kyň; bak+yp = ba-kyp; bak+ar = ba-kar…
Dokuzynjy nusga: Sözleriň birinji bognunda duş gelýän “2 + 1 = ba” nusgalary: “ba-da, ba-ha, ba-ja, ba-gyr, ba-tyr, ba-syr, ba-ky, ba-kyr, ba-la, ba-lak, ba-lyk, ba-şam, ba-şak, Ba-gyr, Ba-my, Ba-kuw…”
Onunjy nusga: “2 + 1 = ba” nusganyň iki gezek gaýtalanmagy bilen emele gelýän dört harply iki bogunly, iki bogny-da açyk bolan sözdür. Muňa “baba” sözi degişlidir. Garyndaşlyk gatnaşyklaryny aňlatmak üçin ulanylýan bu bogun galyplaryň “13 + 1 = ka” we “15 + 1 = ma” nusgalary hem türkmen dilinde işjeň ulanylýar: ka-ka (kaka), ma-ma (mama). Bu nusgany başga dilleriň sözlük hazynasynda hem görmek mümkindir.
(dowamy bar)
Edebiýatlar:
1.Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ: [тезисы Межд. Научно-практической конференции]. Москва, 2007.
2.Орёл М. А. Нанофилология, или бывают ли мелочи в переводе?. Мосты. Журнал переводчиков. Москва. № 4 (32), 2011, С. 31-43.
3.Потанова Р.К. Нанотехнологии и лингвистика: прогнозы и перспективы взаимодействия. «Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ». Москва, 2007,–С. 8-11.
4.Свинкина М.Ю. Язык наноиндустриализации: Нанолингвистика. Труды молодых ученных. Вестник ВолГу. Серия 9. Вып. 11.2013, С. 195-197.
5.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: векторы формирования. Вестник ЛНУ iменi Тараса Шевченка .№ 24 (259). Ч.1., 2012, С. 9-16.
6.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: возможности обновления интерпретаций. Ученные записки Таврического национального университета им. В.И. Вернадского. Серия «Филология. Социальные коммуникации»-Том 25 (64) –Ч.№ 2. Луганск, 2005,–С. 186-193.
7.Словарь иностранных слов. Москва. Русский язык. 1988.
8.Червякова Л. Д. Валидность нано в лингвистике: Нанолингвистика – академическая наука или фрик-лингвистика. Международный журнал прикладных и фундаментальных исследований. № 2, 2018, С. 213-220.
9.Червякова Л. Д. Правомерность существования нано-лингводидактики. Росский научный журнал. № 4 (42), 2014, С. 214-220.
- Б. Н. Базылов. Науке о языке XXI века: Словарь-справочник. М:2013.
11.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. I kitap. Fonemalar sözyleýişde. Aşgabat: Ylym, 2019, 520 s.
12.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. II kitap. Sözyleýşiň fonetik gurluşy. Aşgabat: Ylym, 2019, 436 s.
13.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde söz basymy (eksperimental-fonetik derňew). Aşgabat: Ylym, 2012, 260 s.
14.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde sözüň singarmonizm hadysasy. Aşgabat: Ylym, 2013, 332 s.
- Efrasiyap Gemalmaz, Türkçenin Derin Yapısı, Yayıma Hazırlayanlar Cengiz Alyılmaz-Osman Mert. Belen Yayıncılık, Ankara 2010, XXVI+574 s.