Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezedentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkynyň milli mirasyna, naýbaşy gymmatlyklaryna sarpa gün saýyn artýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu assosiasiýa ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek boýunça uly göwrümli işleri alyp barýar. Aýratyn hem, Garaşsyz, baky Bitarap Türmenistan döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary bolmagy, türkmen alabaýlaryny degişli düzümleriň işinde, hususan-da, serhet goşunlarynda, döwlet we aýratyn desgalary goramakda, gümrük, migrasiýa nokatlarynda işjeň ulanmaga mümkinçilik döredýär.
Milli taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmen alabaýy, tazysy asyrlaryň dowamynda halkymyz tarapyndan kemala getirilen gymmatlyklaryň iň naýbaşylarydyr.Çünki ata-babalarymyz iti wepalylygyň, goraglylygyň, üstünligiň nyşany hasaplap, gadymyýetden ony maşgala ojagynyň goragçysyna, ýakyn dostuna öwrüpdirler. Itiň halkymyzyň ruhy dünýäsinde ýer alandygyna arheologik ýadygärliklerden tapylan tapyndylar hem şaýatlyk edýär. Jeýtun medeniýetiniň ýadygärliklerinden itiň şekiline meňzeş heýkeljikleriň bölegi tapylypdyr. Olaryň käbirleri bolsa uçly süňk ýaly gural bilen dürtülipdir. Arheolog W.M. Massonyň pikirine görä, ol heýkeljikler dessur ähmiýetli bolup, olaryň kömegi bilen dini däp-dessurlary amala aşyrypdyrlar. Alabaý itiniň ilkinji şekili bürünç asyryna degişli hasaplanylýar. Altyndepeden (miladydan öňki II müňýyllyk) tapylan heýkeljigiň gulaklary we guýruklary kesilen görnüşinde ýasalypdyr. Nusaý ritonlarynda hem bu itiň şekilini görmek bolýar. Beýle itler ýolbarslaryň garşysyna söweşdirilip, olaryň berk topulyşy bolupdyr. Ata-babalarymyz massagetlerde bu itler öli jaýlama dessurynda peýdalanylypdyr. Geçmişde ata-babalarymyzda at, goýun, geçi, bürgüt ýaly jandarlar bilen birlikde it bilen baglanyşykly gadymy ynançlaryň hem bolandygyna taryhy we etnografiýa maglumatlary güwä geçýär. Otparazçylyk dininde it iň bir arassa haýwan hasaplanypdyr. Soňky döwürlerde-de Orta Aziýanyň köp ýerlerinde it arassa, öýi erbet ruhlardan goraýan jandar hökmünde öňe çykarylypdyr.Margianadan itiň heýkeljikleriniň we aýratyn usulda ýerlenen mazarlarynyň tapylmagy olaryň bu gadymy toprakda, eýýäm, iki müň ýyl mundan ozal hem bolandygyny görkezýär. Şeýle hem bu itler Marydaky häzirki zaman çopan itlerini – alabaýlaryny ýada salýar. Demirgazyk Horasanyň bol-elinliginiň kepili, sürüleriň goragçysy bolan bu itleri türkmen halky özi terbiýeläp ýetişdirensoň, olary has-da arzylapdyr.
Pederlerimiz alabaýlar bilen birlikde awçy tazy itlerini ýetişdirmekde hem öz ussatlygyny görkezen halkdyr. Orta Aziýanyň gerçeginiň (rysarynyň) durmuşynda awçylyk esasy orunlaryň birini eýeläpdir. Eýýäm, V-VII asyrlara degişli aw itleriniň heýkeljikleriniň tapylmagy tazylar bilen aw etmegiň irki döwürden başlanandygyny tassyklaýar. Orta Gündogarda türkmen tazylary gaty gymmatly hasaplanypdyr. Gowy aw iti üçin iki düýe berlipdir.
Itiň şekili milli amaly-haşam sungatymyzyň nagyşlarynda hem uly orun eýeleýändigini bellemelidir. Hormatly Prezidentimiz “Türkmen medeniýeti” kitabynda türkmen halkynyň taryhynyň, ruhy dünýäsiniň nagyşlara siňdirilendigine ünsi çekip, şeýle belleýär: “Nagyşlarda bolsa halkyň ruhy dünýäsiniň gadymy ynançlary, milli ýol-ýörelgeleri, bagt, saglyk, dowamat hakdaky arzuwlary jemlenendir”. Ýurdumyzyň köp ýerlerinde keçelere “tazyguýruk”, “güjük yzy” nagyşlary salynýar. Ene-mamalarymyz birnäçe obalarda “güjük yzy” nagşyny çagalary köp bolsun diýen ýagşy niýet bilen, esasan, sallançaga goýulýan keçä gülläpdirler. Bu gülüň goýluşy hem beýlekilerden tapawutlanypdyr. Onda ilki üçmek goýlup, onuň üstünden gül goýulýar. Taryhçy W.G. Moşkowa eňsä mukaddes nagyşlaryň çitilýändigini, onuň merkezine “güjük yzy” nagşynyň salynýandygyny, bu nagşyň halkyň gadymky ynançlary, ite totem hökmünde seredilmegi bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Bu gadymy nagyşlaryň öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygyna arheologiýa maglumatlary hem güwä geçýär. Gapynyň daşyndan tutulýan eňsileriň merkezine, sallançak we düşeklik keçelerine “güjük yzy” nagşynyň salynmagy, oňa gorag alamaty hökmünde seredilendigi bilen baglanyşyklydyr. “Tazy guýruk” nagşyny gülli keçeleriň aglaba köpüsinde görmek bolýar. Ol keçe gülleriniň, esasan, gyralaryny bezäp, özboluşly gorag nyşany bolup hyzmat edipdir.Oguz türkmenleriniň şejeresinde itiň, gök böriniň ady bilen baglanyşykly boýlaryň bolandygyna “Oguznama” şadessanynda, “Şejereýi Teräkime” eserinde we beýleki çeşmelerde berlen maglumatlar şaýatlyk edýär. Şolaryň biri Barak türkmenleridir. Dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany Lugat-et – türk” kitabynda Barak türkmenleri barada maglumatlar getirilýär. Barak sözüniň özi tüýli aw itini aňladýar. Ol ak menekleri bolan gara köpek görnüşinde göz öňüne getirilipdir. Barak türkmenleri Oguz hanyň 24 boýunyň sag goly bolan Bozuklardan bolup, Ýyldyz hanyň nesli begdili türkmenler bilen bile ýaşapdyrlar. Olar barada “Oguznamalarda” we Abulgazy Bahadur hanyň “Şejereýi Teräkime” atly işinde maglumatlar berilýär. Anadoluda Barak atly ýer-ýurt atlarynyň örän köp duş gelmegi bu sebitde barak türkmenleriniň köpçülikleýin ýaşandyklaryna güwä geçýär. Taryha ser aýlanymyzda ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda terbiýeläp ýetişdiren alabaý, tazy itleriniň olaryň durmuşynda, ruhy dünýäsinde, dini ygtykatlarynda uly orun eýeländigine göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2017-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen Aziadanyň tumary hökmünde alabaýyň keşbiniň saýlanyp alynmagy, bu dostana jandaryň milli mirasymyzyň bir parçasy bolup durýandygy bilen baglanyşyklydyr.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň dostluk, doganlyk, ygrarlylyk, lebzihalallyk, wepalylyk ýaly häsiýetleriniň nyşany bolan türkmen itiniň milli mirasymyzyň gymmatlygy hökmünde goralyp saklanmagy we dünýä wagyz edilmegi ugrunda amala aşyrýan bimöçber işleri taryhçylary, etnograflary, mirasy öwrenijileri çäksiz buýsandyrýar. Alym Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitaby bolsa ylmy işlerde we döredijilikde baş çeşme bolup hyzmat edýär.
Aýna Baýmuradowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.