DÜNÝÄ

Müsür faraonynyň mumiýalanan bedeni öwrenilýär

Gadymy Müsüriň faraonynyň mumiýalanan bedeni kompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen ilkinji gezek öwrenildi. Köp müňýyllyklardan soňra, ýagny biziň eýýamymyzdan öň 1525-1504-nji ýyllarda Müsürde faraon bolan Amenhotep I bedeni boýunça ylmy-barlag işleri geçirildi.

Şonuň netijesinde köp zatlar öwrenildi. faraonyň ýüregi saklanyp galypdyr, onuň beýleki içgi organlary bolsa ýerinden çykarylyp, şol boşluklar mata bilen doldurylypdyr.

– Faraon 35 ýaşynda aradan çykypdyr. Onuň boýunyň uzynlygy 169 santimetr bolupdyr. Onuň dişleri sagdyn eken. Bedeni doga-tumar hem-de altyn kemer bilen bezelipdir. Beýnini kelle çanagynyň içinden tapdyk, mumiýalaşdyrylmazdan ozal aýrylmandyr, başga mumiýalarda görülmedi. Şeýle hem jesediň Osiris görnüşinde mumiýa edilendigini gördük – diýip, Müsüriň gadymylyk boýunça ozalky ministri, arheolog Zahi Hawass gürrüň berdi.

Alymlar kompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen beýleki galyndylary öwrenip, irki döwürlerdäki adamlar barada has köp maglumat almagy göz öňünde tutýarlar.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/torres-barselona-bilen-5-yyllyk-sertnama-baglasdy/

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi