Geljekde türkmen bilim ulgamy bilen baglanyşykly döwrebap pedagogik pähimler içgin deňelip, olaryň düşünjeler zynjyry giňişleýin öwerenilmelidir.
Biz ýokarda ady geçen romanyň maglumatlaryna esaslanyp, aşakdaky ýaly metaforik düşünjeleri öwrendik:
Mugallym lukmandyr. [s.43]
- Sowatlylyk saglykdyr.
- Bisowatlyk keseldir.
- Bilim dermandyr.
- Bisowat kördür.
- Sowatsyz körzehindir.
- Bisowat çagalaryň gözüni açmak üçin köp sanly lukman zerurdyr.
- Göz açmak bilim öwretmekdir.
- Bisowat çagalaryň gözüni açan mugallymdyr.
- Mugallym göz lukmanydyr.
Mugallym çakmak daşydyr. [s.152]
- Sowatlylyk aýdyňlykdyr, ýagtylykdyr.
- Bisowatlyk garaňkylyk, tümlükdir.
- Garaňkylykdan ýagtylyga çykmak isleýän okuwçydyr.
- Çakmak daşy mugallymdyr, mugallym tarapyndan ýakylan ot bilimdir.
- Düşünjeler ýagtylyk şöhlesidir.
Mugallym hemişelik okuwçydyr. [s.170]
- Onuň kesp-käri asla üýtgemez.
- Kesp-kärini üýtgetmeýän mugallym ylmyň dürli pudaklary boýunça hünärmen ýetişdiren hünärmendir.
- Okuwçy geljekki hünärmendir.
Mugallymçylyk belentlikdir. [s.153]
- Hünärmenlik belentlikdir.
- Bu belentlik uzak wagtlap dyrmaşyp çykmaly dagdyr.
- Daga dyrmaşmak özüni kämilleşdirmekdir.
- Mugallym tejribeli dagçydyr.
Bilim furgondyr. [s.127]
- Hereket edýän ulag, serişde bilimdir.
- Bu hereket edýän serişdä münen bütin dünýäni aýlanar.
- Bu furgondan düşen hereket edip bilmez.
- Furgon öňe gider, furgondan düşen ynsan düşen ýerinde galar.
Bilim hazynadyr. [s.143]
- Bilim baýlykdyr.
- Mugallym bilim paylayan gaznadardyr.
- Mugallymyň gaznasy yzygiderli artýandyr.
- Bilimli okuwçy hemişe baýdyr.
- Bu baýlygy paýlaýan mugallymdyr.
Sapak aýlawdyr. [s.145]
- Aýlaw bilim öwredilmeli ýoldur.
- Bu ýoldan okuwçysy bilen bir göwrä öwrülip geçmeli mugallymdyr.
- Mugallym bedewdir.
- Sagdyn, ýyndam, seýislenen bedew tejribeli mugallymdyr.
Baha gazançdyr. [s.170]
- Mugallymyň gazanjy bahadyr.
- Bahany okuwçy alsa-da, gazanýan mugallymdyr.
- “Bäşlik bahalaryň” her biri mugallymyň ýetişdiren we durmuşda öz ýoluny tapan okuwçylarydyr.
Romanda ulanylan käbir pedagogik pähimleriň sawany şeýledir:
Sanawy | Romanda geçen
düşünjäniň, pähimiň ady |
Romanda geçen
düşünjäniň, pähimiň sany |
1 | bilim | 103 |
2 | magaryf | 34 |
3 | mekdep | 290 |
4 | mugallym | 401 |
5 | mugallymçylyk | 38 |
6 | okuw | 56 |
7 | okuwçy | 134 |
8 | çaga | 313 |
9 | sapak | 74 |
10 | okatmak | 23 |
Jemläp aýdanymyzda, geçiren ylmy gözegçiligimiz agzalan romanyň türkmen milli magaryfynyň kämilleşmegi, bilim ulgamynyň döwrebaplaşmagy bilen baglanyşykly pedagogik düşünjelere örän baý bolandygyny görkezýär.
Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy;
Gülälek Nurmuhammedowa, Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň türk dili mugallymy
PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR
Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. Roman. TDNG, 2011.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow. Gysgaça terjimehal. Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2007.
Muharrem Ergin. Dede Korkut Kitabı. I. Ankara, 2004, s.74.
Berdi Sarıyev. Klasik Düşüncenin Türkmen Mimarları: Devletmehmet Azadı ve Oğlu Mahtumkulu. İstanbul, Akademik Kitaplar: 2014.
Смыслова С. Л. Концепт “Учитель” в русском педагогическом дискурсе рубежа XIX – XX веков Тюмень 2007.
Türkmen diliniň sözlügi. Aşgabat, 1962.
Türkmen şahyrana halk döredijiligi.Aşgabat, 2003.