SPORT

Mourinýo “Roma” toparynyň tälimçiliginden boşadyldy

Belli portugal tälimçi Žoze Mourinýo Italiýanyň “Roma” toparynyň tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada italýan toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

– Biz Žozeniň işine bolan ygrarlylygy üçin minnetdarlyk bildriýäris. Bize ol barada hemişe ýakymly ýatlamalar galar. Ýöne biz toparyň bähbitleriniň üýtgedilmegini zerur hasaplaýarys. Biz Žoze we onuň toparyna geljekde uly üstünlikleri arzuw edýäris – diýip, toparyň eýeleri Den we Raýan Fridkinler belläp geçdi.

Žoze Mourinýo 2021-nji ýylda “Roma” toparynyň tälimçiligine bellendi. 60 ýaşyndaky hünärmeniň ýolbaşçylygynda “Roma” topary 2022-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen Konferensiýa ligasynda çempion bolupdy.

Tälimçilik eden döwründe köp sanly toparlar bilen uly ýeňişler we üstünlikler gazanan Mourinýo 2017-nji ýylda Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň geňeşi tarapyndan Ýewropanyň futbolyna uly goşant goşandygy üçin iň meşhur tälimçileriň onlugyndaky sanawyna girizdi.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy