SIZDEN GELENLER

Milli saglygy goraýyş ulgamy – adam hakda aladanyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ilatyň saglygyny goramak, halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz ilatyň saglygyny goramak meselelerine uly üns bermek bilen, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin  “Il saglygy –  ýurt baýlygy” diýen şygary öňe sürdi.  Bu günki gün Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler halkara derejede hem giňden ykrar edilýär.

Halkymyzyň pähim eleginden geçen aýtgylarda nygtalyşy ýaly, bagtly bolmagyň on şertiniň dokuzysy saglyk bilen baglydyr. Ynsanyň saglygy onuň iň gymmatly baýlygy bolmak bilen, ol döwletiň hem-de jemgyýetiň ösüşine täsir edýän ençeme görkezijileri özünde jemleýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, ilatyň jan saglygy, ilkinji nobatda, ýurtda alnyp barylýan ykdysady syýasata öz täsirini ýetirýär, adam maýasy ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny herekete getirmekde, öşüşi çaltlandyrmaga ýardam berýän innowasion tehnologiýalary dolandyrmakda we netijede, durnukly ykdysady, durmuş ýagdaýlaryny emele getirmekde aýratyn hyzmaty ýerine ýetirýär. Hut şonuň üçin-de, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen “Gün tertibi – 2030-yň” 3-nji maksady “Sagdyn durmuş| ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdakylaryň abadançylygyna ýardam bermek” diýip atlandyrylýar.

Biziň ýurdumyz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, llat gaznasy we beýleki ýöriteleşdirilen düzümler saglyk ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlykdadyr. Ýurdumyz olaryň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldap, bilelikdäki taslamalarydyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip düzülen we güýçli depginler bilen durmuşymyza ornaşdyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasy ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly,  “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulýan esasy wezipeleriň biri — saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak.  Munuň bilen baglanyşyklylykda ýurdumyzyň paýtagtynda we onuň welaýatlarynda  Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, “Ene mähri” merkezleri, Anyklaýyş merkezleri, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri hem-de beýleki ýöriteleşdirilen häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary döredildi. Oba we şäherçe hassahanalary, oba lukmançylyk gatnap bejergi alyş edaralary, feldşer-akuşer nokatlary ilata ilkinji lukmançylyk hyzmatlaryny edýän oba saglyk merkezlerine we saglyk öýlerine öwrüldi. Olar etrap hassahanalarynyň düzümine girizildi. Bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň gurluşy kämilleşdirildi. Köpugurly uly hassahanalar döredildi. Maddy –enjamlaýyn binýady babatda merjen şäherimiz iň öňdebaryjyklygy bilen tapawutlanýar. Paýtagtymyzda  Kardiologiýa, Iç keselleri, Saglygy goraýyş-anyklaýyş, “Ene mähri”, Kelle we boýun kesellerini bejeriş, Göz kesellerini bejeriş, Stomatologiýa, Endokrinologiýa we hirurgiýa merkezleri girýän Halkara saglyk merkezleri müdiriýeti hereket edýär. Bulardan başga-da ýurdumyzyň çäklerinde işleýän şypahanalaryň sanynyň barha artýandygyny we ilata hyzmat ediş derejesiniň ýokarlanýandygyny-da bellemelidiris. Halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen şeýle ajaýyp işleriň sakasynda milli Liderimiziň  “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesiniň ýatýandygyny nygtamalydyrys. Merdana halkymyzyň saglygyny goramaga we ilatymyzy ýokary hilli lukmançylyk  hyzmatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçi- rilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

                                                                                                                                                                                                                                                                  Maral BEKIÝEWA,

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk

orta okuw mekdebiniň  mugallymy.

 

 

Ramos “Real”-dan gidýär

 

 

Ýene-de okaň

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany