JEMGYÝET

Milli Liderimiz UCI-niň iň ýokary sylagy bilen sylaglanyldy

Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylygyň çäklerinde türkmen Lideri bilen pikir alyşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Türkmenistanda welosiped sportyny ösdürmekde we ony halkara derejesine çykarmakda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren işleriniň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçy düzüminiň geçiren mejlisiniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidentini bu guramanyň iň ýokary sylagy bilen sylaglamak hakynda karar biragyzdan kabul edildi. Bu sylag aýratyn tapawutlanan şahsyýetlere berilýär. Bu barada aýtmak bilen, jenap Dawid Lappartýen 2007-nji ýyldan bäri bu sylaga hiç kimiň mynasyp bolmandygyny aýratyn belledi.

Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, ol bu sylagy ertir döwlet Baştutanymyzyň hut özüne gowşurmak isleýärdi, emma, gynansak-da dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý koronawirusyň pandemiýasy zerarly häzirki wagtda bu mümkin däl. Şunuň bilen baglylykda, jenap Dawid Lappartýen pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň bu howply ýokanja garşy göreşmekde tutuş dünýä bileleşigi üçin nusgalyk bolandygyny aýratyn nygtady.

Şeýle hem Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy milli Liderimize gurama berilýän goldaw, hususan-da, 2021-nji ýylda Aşgabatda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge mümkinçilik döredendigi üçin sagbolsun aýtdy.

Guramanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize welosiped sportuny Türkmenistanda, şeýle hem tutuş dünýäde ösdürmek we wagyz etmek boýunça alyp barýan asylly işleri üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, indiki duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşjakdygyny belledi.

Jenap Dawid Lappartýen wideoaragatnaşyk arkaly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara welosipedçiler birleşiginiň iň ýokary sylagyny hem-de degişli sertifikatyny görkezdi. Bu abraýly sylag görnükli şahsyýetlere, şol sanda welosiped sportunyň tarapdarlaryna hem-de ony ösdürmäge we dünýä derejesinde ilerletmäge uly goşant goşan ýokary wezipeli syýasy işgärlere gowşurylýar.

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, öz nobatynda, döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, Halkara welosipedçiler birleşiginiň iň ýokary sylagy bilen türkmen Liderini sylaglamak barada karara gelendigine tüýs ýürekden guwanýandygyny belledi

Hormatly Prezidentimiz Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidentine hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyna, UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasyna ýüzlenip, Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda olar bilen onlaýn arkaly duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti jenap Dawid Lappartýene bu abraýly guramanyň ýokary sylagy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Biz bu sylagy uly hormat goýulmagy hem-de bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilmegi hökmünde kabul edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys