DÜNÝÄ

Milli Liderimiz Moldowanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sandua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

“Garaşsyzlyk ýyllarynda Siziň ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda ýeten üstünliklerini hem-de döwletlerimiziň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bizi guwandyrýar. Türkmenistanyň we Moldowanyň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we ösdürmäge ygrarly bolmagy iki halkyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belleýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Prezident Maýa Sandua berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Moldowa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistan-Kolumbiýa: diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy