DÜNÝÄ

Milanda bugdaýly meýdan

Wengeriýaly senetçi Agnes Denes mundan 40 ýyl çemesi ozal dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolan Nýu-Ýorkda «Bugdaýly meýdan» taslamasy bilen uly gyzyklanma döredipdi. Indi «bugdaýly meýdanyň» mekany bolmak gezegi Italiýanyň Milan şäherine geldi.

Italiýany we Milany modanyň mekany hökmünde tanaýarys. EKSPO sergisi bilen şäher dünýä jemgyýetçiginiň ünsüne özüne has ýakyndan çekdi. Ýöne bu heniz hemmesi däl…

Wenger senetçisi Agnes Denesiň 1982-nji ýylda Nýu-Ýorkda durmuşa geçiren taslamasynyň ikinji bir taýy Milan şäherinde, şäheriň hem iň döwrebap merkezleriniň biri bolan Porta Nuýewada (Täze gapy) guraldy. Şeýlelikde, şol bir senetçi bugdaýly meýdany dünýäniň iň uly şäherleriniň ýene biriniň merkezine alyp geldi. Munuň üçin onuň saýlan ýerine bir üns beriň: bugdaýly meýdan asman boýly binalaryň arasyndaky 5 gektar ýerde ýerleşýär.

Maksat bu ýerde bugdaý ekip hasyl almak däl, şäheriň tebigata has ýakyn bolmagyny gazanmak. Soňlugy bilen edil şu ýerde içi agaç kitaphanaly seýilgäh bolar.

Milandaky bugdaýly meýdan üçin 15 müň 500 kub metr toprak, 5 tonna dökün we 250 kilogram tohum peýdalanyldy.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Türkmenistan bilen Pakistanyň zenan parlamentarileriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy