SPORT

Messiniň milli ýygyndy bilen 2-nji kubogy

Köp ýyllaryň dowamynda Argentinanyň milli ýygyndysy bilen kubok gazanmandygy üçin tankytlanan Lionel Messi soňky 2 ýylyň dowamynda Argentina bilen 2 kubok gazandy. Ilki bilen, Amerikanyň kubogyny gazanan Messili Argentina düýn bolsa, “Finallisma-2022” kubogyny gazandy.

“Finallisma-2022” kubogy Ýewropanyň çempiony bolan Italiýa bilen Amerikanyň kubogynyň eýesi Argentinanyň arasynda geçirildi. Lionel Messiniň 2 gezek netijeli pasy bilen bu duşuşykda Lautaro Martines, Anhel Di Mariýa we Paulo Dibala tapawutlandy.

Argentinanyň 3:0 hasabynda gazanan ynamly ýeňşi bilen Lionel Messi milli ýygyndy bilen 2-nji, umumylykda 40-njy kubogyny gazandy. Messini kubok gazanmakda Dani Alwes geçýär. Alwesiň gazanan kuboklarynyň sany bolsa 43-e deňdir.

 

“Finalissima-2022”: Italiýa-Argentina

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi